Türkmen oba hojalyk hünärmenleri bagbançylyk innowasiýalaryny öwrenmek üçin Amerikanyň merkezine ugradylar

Ýedi sany hususy fermerlerden we alymlardan ybarat Türkmen oba hojalyk hünärmenler topary 12-nji iýunda Aşgabatdan ABŞ-nyň Missuri ştatyna ugradylar. Olar bagbançylyk önümlerini öndürmek boýunça iki hepdelik Kohran maksatnamasyna gatnaşýarlar. Türkmen hünärmenleri Missuri ştatynyň ylmy-barlag merkezlerine we fermalaryna sapar edip, gök we bagbançylyk önümlerini öndürmegiň innowasion usullary bilen tanyşyp, häzirki zaman irrigasiýa tilsimatlaryny öwrenerler. Şeýle hem olar Missuri uniwersitetiniň bagbançylyk hojalyklaryny dolandyrmak, onuň marketingi we azyk önümleriniň howpsuzlygy barada leksiýalara gatnaşarlar. ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan maliýeleşdirilýän we ABŞ-nyň Oba hojalyk departamenti (ministrligi) tarapyndan amala aşyrylýan Kohran maksatnamasy orta girdejili, ösüp barýan bazar ykdysadyýetli we ösýän demokratik yurtlaryň oba hojalyk hunärmenleri üçin Amerikada gysga wagtlaýyn okuw saparyny gurnaýar. Türkmen hünärmenleri özleriniň tehniki bilimlerini ösdürmek we oba hojalyk söwdasyna, ösüşine, dolandyrylyşyna, syýasatyna hem-de marketingine degişli endiklerini ösdürmek üçin tejribe okuwyna gatnaşarlar. Bu maksatnama Türkmenistanda 1993-nji ýyldan bäri işleýär, we oňa şu wagta çenli takmynan 170 türkmen raýatlary gatnaşdy.