Türkmenistan Nýu-Ýork şäheriniň Metropoliten sungat muzeýine muzeý gymmatlyklary wagtlaýyn berýär

Köneürgenjiň Daşgala ýadygärliginiň meýdanynda tapylan we "Köneurgenç" taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň Daşmetjit muzeýine 1990-njy ýylda tabşyrylan arhetektura bezeg bölegi
Köneürgenjiň Daşgala ýadygärliginiň meýdanynda tapylan we "Köneurgenç" taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň Daşmetjit muzeýine 1990-njy ýylda tabşyrylan arhetektura bezeg bölegi
Köneürgenjiň Daşgala ýadygärliginiň meýdanynda tapylan we “Köneurgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň Daşmetjit muzeýine 1990-njy ýylda tabşyrylan arhetektura bezeg bölegi

Nýu-Ýork şäheriniň Metropoliten sungat muzeýiniň (MET) iki wekili, Yslam sungaty bölüminiň kuratorynyň orunbasary Martina Rugiadi we konserwator Ýanis Mandrus aprel aýynyň 6-13 aralygynda Seljuklar eýýamyna degişli ondan gowyrak muzeý gymmatlyklaryny Türkmenistandan Nýu-Ýork şäherine taýýarlap ugratmak üçin Aşgabada geldiler. 2016-njy ýylyň aprel aýynyň 27-den iýul aýynyň 24-ne çenli MET muzeýinde “Köşk we onuň düzgün ulgamy: Seljuklaryň beýik eýýamy” atly sergi geçiriler we bu sergi taryhda ilkinji sapar Türkmenistandan ABŞ-nyň muzeýlerine wagtlaýynça muzeý gymmatlyklarynyň berilmegi bilen tapawutlanýar.

1870-nji ýylda esaslanan Metropoliten sungat muzeýi ABŞ-nyň iň uly sungat muzeýi bolup dünýäniň iň uly muzeýleriniň sanawyna girýär. Bu muzeýde iki milliondan gowrak gymmatlyklar saklanýar we olaryň onlarça müňüni islendik wagt görüp bolýar. MET muzeýi her ýyl bütin dünýä boýunça alty milliondan gowrak adamlary garşylaýar.

Bu maksatnama boýunça goşmaça maglumat almak üçin ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine (+99312) 473506 (goşmaça: 1) telefon belgisi ýa-da irc-ashgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.