Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ABŞ-nyň Döwlet sekretary Pompeonyň beýannamasy

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli beýannama

2018-nji ýylyň 28-nji sentýabry, Aşgabat şäheri – Amerikan Birleşen Ştatlarynyň hökümetiniň adyndan Türkmenistanyň halkyna we hökümetine ýurduňyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli öz gutlaglarymyzy beýan edýäris.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Türkmenistan abadan, garaşsyz we özbaşdak döwletleriň ýerleşýän sebitinde umumy maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlyk edýärler. Biz mundan beýläk hem söwda, sebitiň howpsuzlygyny artdyrmak, bilim we iki halkyň arasyndaky gatnaşyklary çunlaşdyrmak ýaly ulgamlary öz içine alýan ençeme ulgamlar böyunça hyzmatdaşlygy dowam etmegi umyt edýäris.

Türkmenistanyň halkyna iň ýagşy arzuwlarymyzy beýan edip, biz geljekki ýylda has ýakyn işleşmegi umyt edýäris.