
Aşgabat, Türkmenistan — ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu S. Klimow wagtlaýynça ABŞ-nyň Döwlet departamentinde ýokary derejeli wezipä bellendi. Ol Döwlet departamentiniň Baş inspektorynyň wezipesini ýerine ýetirer. Bu wezipedäki borçlaryny ýerine ýetirmek üçin, ol Aşgabatdan ABŞ-a gaýdyp bardy. Wagtlaýyn işini şu ýylyň ahyrynda tamamlandan soň, ol Aşgabada dolanmagy meýilleşdirýär.
Ilçi Klimow, giň dolandyryş tejribesi we ýolbaşçy wezipelerindäki tejribesi sebäpli bu möhüm wezipä saýlandy. Ilçi Klimow, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisiniň wezipesinden daşary, Ak Tamda, Döwlet departamentinde, Demirgazyk Atlantik Şertnamasy Guramasynda (NATO) we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň goşunlarynda ofiser bolup işlän döwlet işgäridir.
Ilçiniň wagtlaýyn ABŞ-a dolanan döwründe, onuň orunbasary Waleri Çittenden ABŞ-nyň Türkmenistandaky Missiýasynyň wekili wezipesini ýerine ýetirer. Hanym Çittenden, 18 ýyllyk tejribesi we sebitde uly iş tejribesi bolan ABŞ-yň diplomatik korpusynyň weteranydyr.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň soraglaryny ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine ibermegiňizi haýyş edýäris: USEmbassy-Ashgabat-PAS@state.gov.