Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanasy “Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçileriň gaznasy” (AFCP) maksatnamasynyň 2023-nji ýyl üçin grant bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşigiň ilkinji tapgyry ABŞ-nyň Ilçihanasyna irc-ashgabat@state.gov elektron salgysy boýunça taslama ibermekden ybarat. Taslama nusgasy üçin bize şol elektron salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz. Göz öňüne tutulýan taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga we maksatnamanyň islendik tapgyrynda pikir alyşmaga biz şat bolarys! Şu sebäpli siz islendik wagtda biz bilen habarlaşyp bilersiňiz. “AFCP” maksatnamasy 2001-nji ýylda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň bilim we medeniýet maksatnamalary (ECA) býurosy bilen hyzmatdaşlykda dürli ýurtlaryň medeni mirasyny gorap saklamak tagallalaryna goldaw bermek üçin döredildi. “AFCP” maksatnamasy tarapyndan goldanýan taslamalaryň sanawy taryhy binalary dikeltmek, seýrek golýazmalary, muzeý ýygyndylaryny we wajyp arheologiki ýadygärlikleri gorap saklamak, şeýle hem ýitip barýan milli senetleri, aýdym-sazlary we ýerli dilleri gorap saklamak maksady bilen ýazga geçirmegi öz içine alýar.
Taslamalar 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň 15-ne çenli tabşyrylmaly.
Has giňişleýin maglumat üçin: https://tm.usembassy.gov/education-culture/afcp/ we goşmaça soraglaryňyz bar bolsa irc-ashgabat@state.gov salgysyna hat ýazyp bilersiňiz.