ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy bilen bilelikde professor Piter Frankopanyň Aşgabada resmi saparyny gurnadylar

U.S. and U.K. Embassies Hosted Oxford Professor to Discuss Silk Road

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy bilen bilelikde Beýik Ýüpek ýoly barada dialogy pugtalandyrmak üçin Oksford uniwersitetiniň professory Piter Frankopanyň Aşgabada resmi saparyny gurnadylar

Aşgabat, 2018-nji ýylyň 6-njy iýuly – ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasy Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy bilen bilelikde Oksford uniwersitetynyň professory Piter Frankopanyň Aşgabada resmi saparyny gurnadylar. Resmi saparyň maksady – Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy mirasyna degişli meseleleri ara-alyp maslahatlaşmak boldy. Doktor Frankopan Oksford uniwersitetynyň dünýä taryhyny professory, Wizantiýa imperiýasynyň taryhy boýunça belli hünärmen we 2015-nji ýylda neşir edilen“Ýüpek Ýollary: Dünýäniň täze taryhy” atly dünyäde meşhur kitabyň awtorydyr. ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasy we Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy Türkmenistanyň Hökümetiniň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly başlangyjyny goldap, professor Frankopanyň sapary Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy mirasyna degişli meseleleri, şol sanda söwda meseleleri, sebitdäki adamlaryň aragatnaşyklary, telekeçilik we medeni alyş-çalyş barada hyzmatdaşlygy pugtaladyrmaga mümkinçilik döretdi diýip ynanç bildirdiler.

Öz saparynyň dowamynda doktor Frankopan Aşgabat şäherindäki Amerikan merkezinde iki leksiýa bilen çykyş etdi we öz türkmen kärdeşleri, şol sanda Etnografiýa we arheologiýa institunyň we Ylymlar akademiýasynyň ekspertleri bilen “tegelek stoluň” başynda duşuşyk geçirdi. Şeýle hem doktor Frankopan taryhy ýadygärlikleri gorap saklamak we rejelemek boýunça işleýän Medeni ministrligiň wekilleri bilen tanyşdy.

Professor Frankopanyň sapary ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyna bolan sarpasydyr. Amerikaly suratçy Tom Till 2017-nji ýylyň sentýabr we oktýabr aýlarynda Türkmenistanda we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda bolup “Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçileriň gaznasy” maksatnamasy tarapyndan rejelenen Beýik Ýüpek ýola degişli obýektlerini surata düşürdi. ABŞ-nyň Ilçihanasy iýun aýynda şol suratlary kitap görnüşinde çap etdi. Şeýle-hem Ilçihana Amerikan merkezinde we Amerikan burçlarynda Beýik Ýüpek ýolunyň aýy diýip atlandyrylan iýun aýynda aragatnaşyk, ulag, we medeni alyş-çalyş meselelerine degişli çäreleri we çykyşlary geçirdi. Aprel aýynda amerikan diplomaty Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda medeni alyş-çalyşlaryna goldawyny görkezmek üçin, Türkmenistanyň gündogaryndan günbataryna çenli welosipedli geçdi.

Doly maglumat üçin ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine 47-35-06 (goşmaça 1) telefon ýa-da AmericanCenterAshgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.