“Raýatlyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistan iki raýatlylygy ykrar etmeýär. Türkmenistanyň we ABŞ-nyň raýatlygy bolan, ýagny iki raýatlygy bolan şahslar Türkmenistana gelenlerinden soň ABŞ-na yzyna dolanmak üçin päsgelçilikler bilen ýüzleşip biler. Ýurdyň çäginden çykyp bilmegi üçin olardan Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmagy talap ederler. Biziň tejribämize görä, raýatlykdan çykmak prosesina seredilmek wagty alty aýdan bir ýyla çenli çekip biler. Türkmenistana gelmek isleýän Turkmenistan-ABŞ raýatlyklary bolan şahslara ABŞ-nyň Türkmenistandaky Konsullyk bölumine ýüzlenmegini haýyş edyäris. Iki raýatlylyk barada has giňişleýin maglumat almak üçin aşakda görkezilen sahypa geçiň: Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Raýatlyk meseleleri bölümi.