Notarius hyzmatlary

ABŞ-nyň Ilçihanasy çäklendirlen möçberde notarius hyzmatyny hödürleýär.

Notarius hyzmatyna ýazylyş düzgüni

ABŞ-nyň Ilçihanasy notarius hyzmatyna kabul ediliş diňe ýazuw arkaly amala aşyrylýar. Hyzmata aşakdaky salgyda görkezilen elektron ulgamy arkaly ýazylmalydyr:

https://evisaforms.state.gov/acs/default.asp?postcode=AKD&appcode=1

Notarial hyzmatyna geleniňizde, aşakdaky görkezilen resminamalaryň sanawyny okamagy maslahat berýäris:

  • Pasport (Türkemistanyň raýatlary üçin içeri passport we daşary ýurda gidilýän pasporty getirmeli)
  • Notarius tarapyndan tassyklamaly resminamanyň asyl nusgasyny;
  • Töleg: her resminama 50.00 ABŞ-nyň dollary, nagt tölemeli;

Şu hyzmata ýazgy boýunça gelmezden öň aşakdaky talaplar bilen tanyşmaly:

  • Hökumet tarapyndan berilen, şahsy goluňuzyň nusgasyny görkezýän, şahsyňyzy anyklaýyjy resminama (meselem: ABŞ-nyň ýa-da başga daşary ýurduň pasporty, sürüjilik resminamasy we ş.m.)
  • Hemme resminamalaryňyz ýerbe-ýer we tertipli bolmaly. Ilçihananyň işgärleri tarapyndan resminama düzmek bilen baglanyşykly kanuny maslahatlar berilmeýär.
  • Notarius tarapyndan tassyklanmaly resminamalaryň mazmuny bilen doly tanyşmaly, we gol çekilmeli bölümleri bilmeli. Ilçihananyň işgäri tarapyndan siziň getiren resminamaňyz barada size maslahat ýa-da düşündiriş berilmeýär.
  • Bellenen wagtyňyzda taýýarlyksyz gelen ýagdaýňyzda, size täzeden wagt bellemegi maslahat beriler.

Notarial hyzmatyna degişli soraglar ýüze çykan ýagdaýynda consularashgab@state.gov elektron poçtamyza hat ýazmagy maslahat berýäris.