ABŞ-nyň raýatlary üçin möhüm habar (2020-nji ýylyň 23-nji marty)

ABŞ-nyň çägine dolanmak isleýän ABŞ-nyň raýatlary, gitmek soragyny awialiniýalar arkaly uçuşlar elýeter bolan ýagdaýynda, özbaşdak çözmegi maslahat berýäris. Daşary ýurt uçuşlary elýeter bolmadyk ýagdaýynda, biz Türkmenistanyň çäginden gitmek isleýän ABŞ-nyň raýatlaryň sanawyny kesgitleýäris. Şol agzalan sanawa girmek üçin biziň STEP sistemamyzda hasaba durmaly, we biziň AshgabatUSCitizen@state.gov elektron salgymyza adyňyzy we habarlaşmak üçin telefon belgiňizi we elektron poçta salgyňyzy ibermeli.

Iberilýän elektron hatyňyz aşakdaky sanalan maglumatdan ybarat bolmaly:

  • Pasportyňyzdaky ýazylşy ýaly adyňyz, familiýaňyz
  • Habarlaşmak üçin telefon belgiňizi we elektron poçta belgiňiz
  • Doglan senäňiz aý/gün/ýyl
  • Pasport belgiňiz, berilen we möhleti dolýan wagty; ABŞ-dan başga daşary ýurt pasporty bolan ýagdaýynda, pasporty beren ýurdy görkezmelidir. We siz bilen başga-da ABŞ-nyň raýaty bolmadyk maşgala agzalaryňyz gidýän bolsa, hökman hemme maglumatyny ýazmalydyr
  • Häzirki wagtda ýerleşýän ýeriňizi, we goşmaça aýratyn mätäçligiňiz (mysal: maýyplyk) bar bolsa ýazmalydyr.