Aşgabat, 2019-njy ýylyň 6-njy maýy – Mark Mudi, ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça müdürliginiň Merkezi Aziýa işleri boýunça edarasynyň ýolbaşçysy, 2018-nji ýylyň oktýabrynda bolup geçen Her ýylky türkmen-amerikan ikitaraplaýyn maslahatlarynyň aralyk netijelerini maslahatlaşmak üçin 2-nji maýda Aşgabatda amerikan wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi.
Bäşinji Her ýylky ikitaraplaýyn maslahatlary 2018-nji ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Aşgabatda ABŞ-dan ýokary derejeli wekiliýet we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda bolup geçtiler. Her ýylky ikitaraplaýyn maslahatlary iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, amerikan-türkmen döwletara gatnaşyklaryna degişli ençeme meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin kadaly gural bolup durýarlar. Aşgabatda jenap Mudi Türkmenistanyň hökümet agzalary bilen hem iki tarapyň gyzyklandyrma bildirýän meselelerindäki ösüşi gözden geçirme maksady bilen duşdy.
Maslahatlaryň çäklerinde amerikan-türkmen özara gatnaşyklaryna we hyzmatdaşlygyna her taraplaýyn, şol sanda howpsuzlyk meselelerine, söwda-ykdysady gatnaşyklaryna we ikitraplaýyn syýasy garnaşyklaryna garaldy. Wekiliýet adam hukuklaryny goramak we sosial hem medeni aragatnaşyklaryny ösdürmek üçin gumanitar taýdan hyzmatdaşlyk meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdy. Iki tarap, “C5+1” gepleşik formatyny we Owganystanda ikitaraplaýyn gyzyklandyrma bildirilýän meseleleri hem öz içine alýan, sebitleýin meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň hökümet agzalary bilen duşuşyklaryň dowamynda jenap Mudi şeýle diýdi: “ Tükmenistan we ABŞ, oktýabrda geçen soňky Her ýylky ikitaraplaýyn maslahatlaryndan şu wagta çenli gowy oşüşe ýetdiler, we biz bu ösüşiň geljekki maslahatlara çenli dowam etmesini görmek isleýäris.” ABŞ-nyň wekiliýet agzalary Daşary işler ministrligine Her ýylky ikitaraplaýyn maslahatlarynyň aralyk netijelerini gözden geçirme duşuşygy üçin minnetdarlyk bildirip, 2019-njy ýylyň güýzinde Waşingtonda (Kolumbiýa okrugy) altynjy Her ýylky ikitaraplaýyn maslahatlaryny geçirmege hoşallyk bilen garaýandyklaryny bildirdiler.
Doly maglumat üçin ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine 47-35-06 (goşmaça 1) telefon ýa-da AmericanCenterAshgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.