ABŞ-nyň Energetika departamentiniň bir hepdelik okuwy radioktiw eýesiz çeşmeleriň üstüni açmaklyga we ygtybarly goramaga bagyşlanýar

5-nji iýunda ilçi Alan Mastard Ýadro howpsuzlygy boýunça milli edarasynyň bilermenleri bilen bilelikde radioaktiw eýesiz çeşmeleriň goraglylygyny üpjin etmek boýunça 1-hepdelik okuwa gatnaşanlara şahadatnamalary gowşurdy
5-nji iýunda ilçi Alan Mastard Ýadro howpsuzlygy boýunça milli edarasynyň bilermenleri bilen bilelikde radioaktiw eýesiz çeşmeleriň goraglylygyny üpjin etmek boýunça 1-hepdelik okuwa gatnaşanlara şahadatnamalary gowşurdy

Birleşen Ştatlaryň Energetika departamentiniň Ýadro howpsuzlygy boýunça milli edarasy (ÝHBME) “Radioktiw eýesiz çeşmeleriň üstüni açmak we ygtybarly gorap saklamak” boýunça 1-5-nji iýun aralygynda Aşgabatda okuw geçirdi. Ýadro howpsuzlygy boýunça milly edarasynyň 3 sany wekili Türkmenistanyň hökümetiniň radioaktiw çeşmeleri gorap saklamakda iş alyp barýan Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýaly edaralaryna wekilçilik edýän egindeşleri bilen bilelikde işleşdiler. Bu okuw eýesiz çeşmeleriň ýüze çykaryp biljek riskleri, eýesiz çeşmeleriň görnüşleri, radiasiýanyň üstüni açýan enjamlaryň dürli görnüşlerine erk etmek, eýesiz çeşmeleri gaplamak we ulagda alyp gitmek hem-de gözlegiň dogry tertibi we usullary ýaly mowzuklary öz içine aldy. Bu bir hepdelik okuw 5-nji iýunda tamamlandy. Ilçi Alan Mastard okuwyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy we okuwa gatnaşanlara şahadatnamalary gowşurdy.