2015-nji ýylyň 13-17-nji iýulda, ABŞ-nyň Neşe serişdelerine garşy göreş müdürligi Aşgabatda Türkmenistanyň Içeri işler we Saglyk goraýyş ministirlikleriniň, Türkmenistanyň Sagdyn jemgiýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň, Döwlet gümrük we Döwlet migrasiýa gulluklarynyň işgärleri üçin “Täze sintetik neşe serişdeleri” atly okuw maslahatyny geçirdi. Bu okuwyň maksady Türkmenistanyň hukuk goraýjy we beýleki degişli edaralaryň Merkezi Aziýada täze ýüze çykýan sintetik neşe serişdeleriniň garşysyna göreşmek taýarlylygyny we mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boldy. Bu okuwda sintetik neşe serişdeliri ýüze çykarmak, metamfetaminler, operasiýalary planlaşdyrmak, gizlin laboratoriýalar, sintetik neşe serişdeleriniň görnüşleri, gözegçilik astynda bolan gowşyryşlar meseleleri aýdyňlaşdyryldy. 17-nji iýulda ABŞ-nyň wekilhanasynyň başlygynyň orunbasary Pol Polites okuw maslahatynyň gutardyş dabarasynda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmekde halkara hyzmatdaşlygyny dowam etmegiň wajyplygyny nygtady we gatnaşyjylara sertifikatlary gowşurdy.