ABŞ-nyň Türkmenistandakt ilçihanasy “Merkezi Aziýa wekilleri üçin hukuk we ykdysadyýet pudagy boýunça ýokary derejeli maksatnama” adyndaky intensiw üç-aýlyk aspirantura derejesindäki okuw kursuny yglan edýär. Bu maksatnama Türkmenistandaky we beýleki Merkezi Aziýadaky ýaş, hünär ýolunyň ortasyna ýeten, döwlet ulgamynda, jemgyýetçilik edaralarynda we habar beriş serişdeler pudagynda işleýän gatnaşyjylar üçin niýetlenendir.
Okuw kursy Riganyň ýokary hukuk mekdebinde, Latwiýada, 2015-nji ýylyň 22-nji sentýabr 18-nji dekabr aralygynda geçiriler. Maksatnama hukuk we ykdysadyýet bilen meşgullanýan gatnaşyjylara tejribe goldawyny we ukyplaryny hödürläp, Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary ösdürmek mowzugyna gönükdiriler. Maksatnama Latwiýänyň Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlarynyň hünärmenlerine hünär ukybyny kämilleşdirmäge we Latwiýanyň 20-ýyllyk Ýewropa integrasiýa tejribesini öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Isleg bildirýän dalaşgärler aşakda görkezilen maglumatlary AshgabatEducation@state.gov adresine anna güni, 2015-nji ýylyň 19-nji iýunyna çenli tabşyrmalydyr:
- iňlis dili bilýänligi barasynda subutnama (“IELTS”, “TOEFL IBT” synaglaryň netijesi);
- gatnaşyjynyň maksatnama bilen gyzyklanmasy baradaky haty;
- häzirki işiniň teswirlemesi we iş wezipesine girýän borçlary;
- rezýume, iň azyndan 2-3 ýyllyk iş tejribesi görkezilen bolmaly;
- ähli okan we tamamlan ýokary okuw jaýlarynyň diplomlarynyň nusgalary;
- häzirki iş ýerinden häsiýetnama.
Saýlanan dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylyp, 2015-nji ýylyň 26-njy iýunyna çenli belli bolar. Goşmaça maglumat üçin ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine aşakdaky telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilersiňiz: (+99312) 473503 we (+99312) 473506.