Aşgabat, 2019-nji ýylyň 20-nji iýuny – 16-njy iýunda ABŞ-nyň Ilçihanasy her ýyl geçirýän tomusky filmler görkezilişini tamamlady. Türkmenabat, Mary, Aşgabat, Daşoguz, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlriniň kinoteatrlarynda görkezişlere 4500-den gowrak tomaşaçy gatnaşdy. Tomusky filmler görkezilişi 1-16 iýunyň aralagynda geçirildi we kosmos barada üç täze amerikan blokbasterini tomaşaçylara hödürledi. Filmler “Apollo-11” missiýasynyň 50-ýyllyk senesi mynasybetli saýlandylar. Görkezişler “Kosmosy öwrenmegiň taryhy we ylmy” atly surat sergisi bilen bilelikde geçirildiler.
Ilçiniň orunbasary Endrea Brullett-Rodriges şeýle diýdi: « Daşary işler ministrligine, Medeniýet ministrligine we “Aşgabat” kinoteatrynyň işgärlerine bu filmler görkezilişiniň üstünlikli geçmesi üçin eden ýardamlary üçin minnetdarlyk bildirýäris. Ýylda iki gezek geçirilýän bu filmler görkezilişleri ABŞ-nyň Aşgabatdaky Ilçihnanasynyň hödürleýän ençeme medeni maksatnamalarynyň diňe biridir».
Doly maglumat üçin ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine 47-35-06 (goşmaça 1) telefon ýa-da AmericanCenterAshgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.