ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Beýik Ýüpek Ýolunyň ugrunda ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýyny dikeltmek üçin maliýe goldaw berýär

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Beýik Ýüpek Ýolunyň ugrunda ýerleşýän Daýahatyn kerwensaraýyny dikeltmek üçin maliýe goldaw berýär

Aşgabat, 30-njy awgust, 2017 ý.  ABŞ-nyň ilçisi Allan Mastard şu gün Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky Milli müdirligine Beýik Ýüpek Ýolunyň ugrunda ýerleşýän we deňi-taýy bolmaýan Daýahatyn kerwensaraýyny dikeltmek we gorap saklamak üçin $72 560 amerikan dollary möçberinde baýragyny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Bu baýragyň kömegi bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy we beýleki hyzmatdaşlar bu taryhy ýadygärligi dikeltme işleriniň ikinji tapgyryny, ýagny demirgazyk-gündogar diwarlary rejelemegi we ýadygarligi myhmanlar üçin has elýeterli etmegi meýilleşdirýär. Daýahatyn kerwensaraýyny dikeltme işleriniň birinji tapgyry 2016-njy ýylda üstünlikli tamamlandy we kerwensaraýyň diwarlaryny we arka görnüşli gümmezini berkitme işlerini öz içine aldy. Tejribeli hünärmenleriň pikirine görä bu desga mongol çozuşyndan ozalky döwrüň binagärçiliginiň deňsiz mysaly bolup durýar we hut şol sebäpli ýaňy-ýakynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegine dalaşgär boldy.

ABŞ-nyň “Ilçileriň medeni mirasy gorap saklamak boýunça gaznasy” (AFCP) atly maksatnamasynyň çäginde bu taslama Türkmenistanda geçirilýän taslamalaryň 25-njisi bolar. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň hökümeti we beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde medeni we taryhy mirasy gorap saklamaklyga gönükdirilen we bahasy 1.5 million amerikan dollaryndan gowyrak bolan 25 taslamanyň üstünde işlänligi üçin buýsanç duýýar. Bu maksatnamanyň üsti bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Gadymy Yüpek Ýolunda bolan ýadygärlikleri, gadymy hünär işlerini we halylary, halk sazlaryny we Türkmen golýazmalaryny gorap saklamaga ýardam berdi. Bu taslamalar ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Türkmen medeniýetine bolan sarpasyny görkezip, iki ýurduň arasynda bar bolan hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini nygtaýar.

2001-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky Milli müdirligi AFCP maksatnamasynyň çäginde 25 taslamanyň 13-i üstünlikli ýerine ýetirdi. Ýerine ýetirilen taslamalaryň biri Gadymy Merwde ýerleşýän Uly Gyz Galasyny dikeltmäge we gorap saklamaga gönükdirildi.

Ilçi Mastard hem dabarada şeýle belledi: “Men ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Türkmen medeni mirasyny gorap saklamak boýunça alyp barylýan tagallalarynda baş orunlarynyň birini eýeleýändigi üçin buýsanç duýýaryn. Biz Türkmen medeniýetine sarpa we hormat goýýarys. Bu taslama iki ýurduň arasyndaky berk hyzmatdaşlygyň nyşany bolup durýar. Biz bu ugurda mundan beýläk hem netijeli hyzmatdaşlygy dowam etmek üçin umyt edýäris.”

Doly maglumat üçin ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine 47-35-06 (goşmaça 1) telefon ýa-da irc-ashgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.