ABŞ-nyň ilçihanasy Afro-amerikan taryhy aýyny geçirýär

Dario Kalmese
Dario Kalmese Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde fotosuratçylar we talyplar üçin fotoportret barada bilimini we tejribesini paýlaşýar

ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde amerikan fotosuratçysy Dario Kalmeseniň 23-28-nji fewralda Aşgabatda saparyny gurap, Afro-amerikan taryhy aýyny geçirýär. Jenap Kalmese özüniň afro-amerikan däp-dessurlary barada fotosuratlarynyň sergisini guraýar, we afro-amerikan fotosurat sungatynyň taryhy, afro-amerikan modasy, hem-de afro-amerikan oýlap tapyjylary barada gürrüň bilen çykyş edýär. Onuň çykyşlary gyzyklanýan talyplar, professional fotosuratçylar we köpçülik üçin açykdyr. Şeýle hem jenap Kalmese fotoportret sungaty barada ussatlyk sapaklaryny geçirip, öz bilimlerini we tejribesini talyplar we professional fotosuratçylar bilen paýlaşýar.

Öz çykyşlarynda jenap Kalmese uzak-wagtlaýyn portret taslamalaryny işläp düzmek barada bilimlerini we täze pikirlerini paýlaşýar. Mundan başga-da gatnaşyjylar Amerikada afro-amerikan modasynyň taryhyny we afro-amerikan oýlap tapyjylaryň ABŞ-nyň taryhyna eden goşandy barada öwrenýär.

Jenap Kalmeseniň fotosurat sergisi käbir muzeýleriň ýygyndylary bilen bäsleşip biljek Garlemiň ýaşaýjysy Lana Törneriň 1940-50-nji ýyllaryň şlýapalary we egin-eşikleri barada suratlaryndan ybaratdyr. Onuň sergisi 23-27-nji fewralda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde açyk bolar.