ABŞ-nyň ilçihanasy üstünlikli saz öwretmek maksatnamasyny dowam edýär

Amerikan saz mugallymy Derek Bekwold Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň orkestri bilen tejribe sapagyny geçirýär (Foto: ABŞ-nyň ilçihanasy)

Üç amerikan mugallymlary Piter Toresen, Derek Bekwold we Eýweri Weýt mart aýynyň 7-i we 14-i aralygynda Türkmenistanyň milli konserwatoriýasy bilen hünär we medeni alyş-çalyş maksatnamasy esasynda Aşgabada sapar etdiler. Mugallymlar Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň talyplary hem-de  mugallymlary we şol sanda nusgawy saz, wokal, kompozisiýa we dirijýor bölümleri üçin ussatlyk sapaklaryny geçirdiler. Şeýle hem bu mugallymlar maksatnamanyň gatnaşyjylary üçin amerikan nusgawy repertuaryndan we milli konserwatoriýanyň okuw meýilnamasyndan birnäçe ussatlyk sapaklaryny geçirdiler.

Milli konserwatoriýa bilen işini dowam etmekden başga 8-nji mart amerikan mugallymlary ilçihananyň LINE dostlary bilen bir sagatlyk onlaýn söhbetdeşlik alyp bardylar. Şol gün bolsa mugallymlar ilçihananyň Maglumat we serişdeler merkezinde amerikan sazynda täze ugurlar barada gürrüňdeşlik geçirdiler.

Bu maksatnama Milli konserwatoriýanyň talyplary we mugallymlary bilen amerikan mugallymlarynyň arasynda 2015-nji ýylyň dekabr aýynyň 13-i we 19-y aralygynda bolup geçen üstünlikli hyzmatdaşlygynyň dowamydyr. Derek Bekwold we Eýweri Weýt özleriniň Türkmenistana ilkinji sapary döwründe Milli konserwatoriýanyň sazandalary bilen ykjam işleşdiler we bilelikde Magtymguly teatrynda konsert berdiler. Olar üçünji maksatnamanyň çäklerinde baýramçylyk konsertini bererler.

Bu maksatnama boýunça goşmaça maglumatlar üçin ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine 47-35-06 (1) telefon ýa-da irc-ashgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.