14-16-njy mart aralygynda Albukerke we Aşgabat şäherlerinde ýerleşýän uniwersitetleriniň we kollejleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen Nýu-Meksiko ştatyndan üç amerikan professorlardan ybarat bolan wekilçilikli topary Türkmenistana sapar etdi.
Bu wekilçilikli topara Nýu-Meksiko uniwersitetiniň mehaniki inženerçilik bölüminiň aspirantura maksatnamalarynyň müdiri Ýu-Lin Şen, “RoboRAVE International” guramasynyň müdiri we “Inquiry Facilitators” edaranyň prezidenti Russ Fişer-Aýws hem-de Merkezi Nýu-Meksikonyň jemgyýetçilik kollejiniň umumy bilim we goşmaça hünär boýunça bölüminde iňlis dili maksatnamalary boýunça müdiriniň orunbasary Emi Kristensen girýärler.
Bu wekilçilikli topar iki şäherde ýerleşýän uniwersitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen birlikde, Aşgabat şäheriniň dogan okaşan şäheri bolan Albukerke bilen hem hyzmatdaşlygy dowam etdirdi. Amerikan mugallymlary Halkara ynsanperwerlik we ösüş uniwersitetinde we Türkmen Döwlet aragatnaşyk we ulag institutynda türkmen işdeşleri bilen duşuşdylar. Olar şeýle hem Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bu hyzmatdaşlyk baradaky pikirleri ara alyp maslahatlaşmak üçin tanyşlyk duşuşygyny geçirdiler.
Şeýle hem amerikan mugallymlary ilçihananyň Maglumat we serişdeler merkezinde çykyş etdiler. Emi Kristensen “ABŞ-nyň jemgyýetçilik kollejleri” barada, doktor Ýu-Lin Şen “Nýu-Meksiko uniwersiteti” barada we Russ Fişer-Aýws “Robototehnika we ýaryş” barada öz çykyşlarynda gürrüň berdiler.
Bu maksatnama boýunça goşmaça maglumatlar üçin ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine 47-35-06 (goşmaça:1) telefon ýa-da irc-ashgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.