ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy milli saz ýazgylaryny geljek nesiller üçin gorap saklamaga goldaw berýär

U.S. Embassy Helps Preserve Traditional Music Recordings for Posterity

Aşgabat, 2017-nji ýylyň 29-njy noýabry – Düýn ABŞ-nyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Keými Witmer Türkmenistanyň Milli konserwatoriýasy bilen bilelikde  ýerine ýetirilen we türkmen milli saz ýazgylaryny gorap saklamaga hem-de sanly ýazga geçirmäge gönükdirilen taslamanyň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy. 2012-nji ýylda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Milli konserwatoriýasyna bu ýitip barýan sazlary geljek nesiller we saz mekdepleri bilen  beýleki okuw jaýlarynda ullanmak üçin saklamaga gönükdirilen tagallasyna ýardam etmek niýeti bilen maliýe goldaw berdi.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy medeni we taryhy mirasy gorap saklamaklyga gönükdirilen 25 sany taslamanyň üstünde Türkmenistanyň hökümeti we beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde eden hyzmatdaşlygyna buýsanýar. ABŞ-nyň “Ilçileriň medeni mirasy gorap saklamak boýunça gaznasy” atly maksatnamasynyň üsti bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy maddy we maddy bolmadyk medeni miras parçalaryny, şol sanda halk aýdymlaryny , Gadymy Yüpek ýolunda bolan ýadygärlikleri, gadymy hünär işlerini we halylary, we Türkmen golýazmalaryny gorap saklamaga ýardam berdi. Bu taslamalar ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Türkmen medeniýetine bolan sarpasyny görkezip, iki ýurduň arasynda bar bolan hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini nygtaýar.

Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Keými Witmeriňhem dabarada belleýşi ýaly: “Biz geçmişden sapak alman geljegi meýilleşdirmegiň mümkin däldigine düşünýäris,”we “taryhy yadygärlikleri dikeltmäge we gorap saklamaga gönükdirilen taslamalar, iki ýurdyň, ýagny Türkmenistan we ABŞ-nyň, arasyndaky hyzmatdaşlyk esasynda ýetip boljak sepgitleriň aýdyň mysaly bolup durýar.”

Ferromagnit lentasynyň we plastinkanyň ýagdaýynyň erbetleşmegi sebäpli bu aýdym-saz toplumynyň gyssagly ýagdaýda dikeldilmegi zerurdy. Şu tagallalaryň netijesinde Türkmenistanda ýeketäk bolan  şu aýdym-saz toplumy mundan beýläk hem öwrenmek  we ýaýratmak üçin dikeldildi we sanly ýazga geçirildi. Aýdym-saz toplumy Mustak Aýmedow, Patyşaguly Girmanow,  Ödeniýaz Nobatow  we Gurt Ýakubow ýaly meşhur halk aýdymçylarynyň ýazgylaryny öz içine alýar.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Milli konserwatoriýa dekabr aýynyň 23-e ABŞ-nyň aýdym-saz ussatlarynyň we Milli konserwatoriýasynyň sazandalarynyň gatnaşmagynda  baýramçylyk konsertiniň geçiriljekdgini şatlyk bilen habar berýär. Çäre Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda bolup geçer.

Doly maglumat üçin ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine 47-35-06 (goşmaça 1) telefon ýa-da irc-ashgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.