Aşgabat, 2016-njy ýylyň 29 awgusty – Şu gün ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky Milli müdirligine 2016-njy ýylyň “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” (AFCP) atly maksatnamasynyň çäginde $85,600 amerikan dollary möçberinde baýragyny dabaraly gowşurýar. Gutlag dabarasy Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde şu gün 29-njy awgustda sagat 15:00-da ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Allan Mastardyň, ABŞ-nyň ilçihanasynyň işgärleriniň, Türkmenistanyň hökümetiniň AFCP maksatnamasynyň goldawy bilen medeni mirasy gorap saklamak boýunça taslamalary amala aşyran edaralaryň wekilleriniň we şu ugurda beýleki ýerli medeni edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bolup geçer.
Bu baýrak Türkmenistanyň Balkan welaýatynda “Gadymy Dehistan” taryhy we medeni ýadygärligine degişli bolan gadymy Misrian şäherinde ýerleşýän XIII-nji asyryň Muhammet II Horezmşah metjidiniň öwrenilmegini, dikeldilmegini we gorap saklanmagyny maliýeleşdirmek üçin ulanylar. Bu taslama şu ýyl bütin dünýäde AFCP maksatnamasy tarapyndan sylaglanan diňe 30 taslamalarynyň biridir. Bu taslamanyň baýraga mynasyp bolmagy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň güýjüni we ABŞ-nyň hökümetiniň oňa bolan çuňňur hormatyny aňladýar.
AFCP maksatnamasy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň her ýyl geçirýän grant ýaryşydyr. Bu gazna medeni mirasy gorap saklamaga niýetlenip, Türkmenistanyň medeni mirasy gorap saklamak boýunça işleýän edaralary bilen uzak wagt dowam edýän gowy gatnaşyklary saklaýar. 2001-nji ýyldan bäri bu gazna Türkmenistanda dünýä boýunça iň köp taslama, 23 taslama, maliýe goldawyny berdi. Şu 24-nji taslama bilen AFCP maksatnamasy türkmen medeniýetini gorap saklamak goldawyna ABŞ-nyň $1.5 mln dollaryndan gowrak maliýe goýumyny edýär.
Bu maksatnama barada has doly maglumat üçin ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine (993 1 2) 47-35-06 (goşmaça 1) telefon belgisi ýa-da irc-ashgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.