ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Goňur-depe ýadygärliginde tapylan gadymy bezeg böleklerini gorap saklamak we dikeltmek üçin goldaw berýär

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Goňur-depe ýadygärliginde tapylan gadymy bezeg böleklerini gorap saklamak we dikeltmek üçin goldaw berýär

Aşgabat, 16 awgust, 2017 ý. – 2017 ýylyň 14-nji awgustynda ABŞ-nyň ilçisi Allan Mastard Türkmenistanyň şekillendiriş sungat muzeýi bilen bilelikde ýerine ýetirilen we Türkmenistanyň arheologiki ýadygärligi bolan Goňur-depede tapylan gadymy bezeg böleklerini gorap saklamaga, dikeltmäge hem-de täzeden gurnap sergä taýýarlamaga gönükdirilen taslamanyň tamamlanyş dabarasyna gatnaşdy. 2015-nji ýylda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň şekillendiriş sungat muzeýine bu halkara meşhur we biziň eýýamymyzdan ozalky 2300-nji ýyla degişli bolan ýadygärligi gorap saklamak tagallasyna ýardam etmek niýeti bilen maliýe goldaw berdi. Ilçi Mastard muzeýiň işgärleri bilen bilelikde bu gadymy bezeg nagyşlary we geçirilen dikeldiliş işleri mynasybetli hemişelik serginiň açylyşyna gatnaşdy.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy medeni we taryhy mirasy gorap saklamaklyga gönükdirilen 24 taslamanyň üstünde Türkmenistanyň hökümeti we beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde eden hyzmatdaşlygyna buýsanç duýýar. ABŞ-nyň “Ilçileriň medeni mirasy gorap saklamak boýunça gaznasy” atly maksatnamasynyň çäginde bu taslamalara jemi 1.5 million amerikan dollaryndan gowyrak maliýe goldawy berildi. Bu maksatnamanyň üsti bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Gadymy Yüpek ýolunda bolan ýadygärlikleri, gadymy hünär işlerini we halylary, halk sazlaryny we türkmen golýazmalaryny gorap saklamaga ýardam berdi. Bu taslamalar ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň türkmen medeniýetine bolan sarpasyny görkezip, iki ýurduň arasynda bar bolan hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini nygtaýar.

Ilçi Mastardyň hem dabarada belleýşi ýaly: “Türkmenistan dünýäde bu maksatnama boýunça iň kän maliýe goldawyna mynasyp bolan döwlet,” we “taryhy yadygärlikleri dikeltmäge we gorap saklamaga gönükdirilen taslamalar, iki ýurdyň, ýagny Türkmenistan we ABŞ-nyň, arasyndaky hyzmatdaşlyk esasynda ýetip boljak sepgitleriň iň aýdyn mysaly bolup durýar.”

Gadymy bezeg parçalaryň ýygyndysy 2004-nji we 2009-njy ýyllarynda, gadymy Goňur-Depe ýadygärliginiň paýtagty bolan Margianada gazuw-agtaryş işleri netijesinde tapyldy. Russiýa Federasiýasynyň dikeldiliş ylmy-barlag instituty Türkmenistanyň şekillendiriş sungat muzeýine dikletmek,  gorap saklamak we sanawa geçirmek boýunça geçiren işlerinde ýardam berdi.

Doly maglumat üçin ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine 47-35-06 (goşmaça 1) telefon ýa-da irc-ashgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.