ABŞ-nyň ilçihanasy Daýahatyn kerwensaraýyny gorap saklamaga kömek edýär

ABŞ-nyň hökümeti Daýahatyn kerwensaraýyny bölekleýin täzeden dikeltmek we gorap saklamak üçin 68 müň amerikan dollaryny berdi

Aşgabat, 2016-njy ýylyň 18-nji noýabry – ABŞ-nyň ilçisi Allan Mastard şu gün Lebap welaýatyna “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” (AFCP) atly maksatnamasynyň taslamasy bolan Daýahatyn kerwensaraýynyň dikeltmek we gorap saklamak işleriniň ýapylyş dabarasyna gatnaşmak üçin sapar etdi. Ol şeýle hem taryhy ýädygärlikde ýerine ýetirilen işleriň netijesini gözden geçirdi. Bu dabara Daýahatyn kerwensaraýynda ABŞ-nyň ilçisi Allan Mastardyň we Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky Milli müdirliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Daýahatyn kerwensaraýy Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky Milli müdirliginiň taryhy ýadygärligidir. 2012-nji ýylda AFCP bu XII asyryň Ýüpek ýoly ýadygärligini täzeden dikeltmek we gorap saklamak üçin 68 müň ABŞ-nyň dollaryny berdi. Şol ýyl bäsleşige gatnaşan hemme taslamalaryň diňe 25%-i maliýeleşdirilmege mynasyp boldy. Bu taslamanyň saýlanylmagy şol taslamanyň hiliniň we olary taýýarlap, tabşyran ýurtdaky hyzmatdaş kärhananyň ýokary derejesini hem-de ABŞ-nyň hökümetiniň bu taslama goýýan hormatyny aňladýar.

AFCP maksatnamasy ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň her ýyl geçirýän grant ýaryşydyr. Bu gazna medeni mirasy gorap saklamaga niýetlenip, Türkmenistanyň medeni mirasyny gorap saklamak boýunça işleýän edaralary bilen uzak wagt dowam edýän gowy gatnaşyklary saklaýar. 2001-nji ýyldan bäri bu gazna Türkmenistanda 24 taslama maliýe goldawyny berdi, bu bolsa dünýä boýunça goldanan taslamalaryň iň ýokary sanydyr. Şu ýylyň tomusynda 24-nji taslamasyna baýrak berilmegi bilen AFCP maksatnamasy türkmen medeniýetini gorap saklamak goldawyna ABŞ-nyň $1.5 mln dollaryndan gowrak maliýe goýumyny edýär.

Bu maksatnama barada has doly maglumat üçin ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine (99312) 473506 (goşmaça 1) telefon belgisi ýa-da irc-ashgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.