ABŞ-nyň ilçihanasy, Türkmenistanyň hökümeti we Türkmen-amerikan işewür geňeşi bilen bilelikde 2015-nji ýylyň 21-22-nji ýanwarynda Aşgabat şäheriniň Mizan işewür merkezinde ýedinji türkmen-amerikan işewür maslahatyny geçirer. Bu maslahat bilermenler derejesinde oba hojalyk, suw dolanyşygy, innowasion tilsimatlar we maliýe meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin alymlary, senagatçylary hem-de Türkmenistanyň we ABŞ-nyň hökümet wekillerini ýygnaýar.
2015-nji ýylyň türkmen-amerikan işewür maslahaty gatnaşyjylara Türkmenistanyň hökümetiniň resmi wekilleri we işewürleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga, hem-de ýurtdaky işewürçilik üçin bar bolan mümkinçilikler barada öwrenmäge deňsiz-taýsyz mümkinçilik doredýär. ABŞ-nyň iki sany uniwersitetiniň we 35 sany amerikan kompaniýalarynyň hem guramalarynyň wekilleri maslahata gatnaşyp, Tükmenistanyň hökümetiniň we ýerli işewür toparlaryň ýolbaşçylary bilen ýakyndan tanyşarlar. Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar üç sany maslahat geçirip, senagatda we oba hojalygynda innowasion tilsimatlar, hem-de ykdysady ösüşde maliýeniň orny barada çykyşlary diňlärler.