2016-njy ýylyň sentýabr aýynyň 30-na ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň hukuk goraýjy edralaryň işgärleri üçin iňlis dilini okatmak maksatnamasynyň 10-njy okuw tapgyrynyň ýapylyş dabarasyny geçirdi. Ýapylyş dabarasy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň okuw merkezinde geçirildi. Türkmenistanyň 9 döwlet edaralaryndan 50-den gowrak işgärleri şol okuwyň şu ýylda geçirilen 10-njy tapgyryna gatnaşdylar. Bu okuw soňky döwrebap okuw esbaplar we metodikalar arkaly okuwçylara iňlis diliniň bilim derejesini kämilleşdirmek üçin şertleri döretmek bolup durdy. Bu, öz nobatynda, işgärleriň öz borçlaryny has netijeli ýerine ýetirmekligine we daşary ýurtly kärdeşleri bilen gatnaşmaga mümkinçilikler döreder. Ýapylyş dabarasynda ABŞ-nyň ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Keými Witmer okuwy üstünlikli tamamlanlary bilen gutlady we iňlis diliniň bilmini artdyrmakda ähli mümkinçilikleri ulanmagy maslahat berdi.