2022-nji ýylyň 8-nji iýuly, Aşgabat – Şu gün ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu Klimow we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleri onlaýn usulda geçirilen dabarada, “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” (AFCP) maksatnamasynyň täze baýragyna mynasyp bolan taslamany yglan etdiler. Türkmenistandaky 30-njy «AFCP» baýragy Los-Anjelesdäki J.Pol Getti muzeýi bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gadymy Merwde tapylan V-nji asyra degişli Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini gorap saklamaga gönükdirilen bilelikdäki taslamasyna gowşuryldy. Hanym Süzan Gänzik, J. Pol Getti muzeýiniň Gadymy taryhy gymmatlyklary gorap saklamak bölüminiň müdiri, jenap Fabio Kolombo, Italiýanyň Rim şäherinden hususy konserwator, we jenap Meretgeldy Çaryýew, Türkmensitanyň Döwlet muzeýiniň direktory, baýragy kabul etmek üçin dabara gatnaşdylar.
“Buddanyň heýkeliniň kelle bölegini gorap saklamak boýunça taslama «Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy» (AFCP) maksatnamasynyň Türkmenistandaky 30-njy taslamasydyr. Munuň ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna gabat gelýändigine begenýäris. Türkmenistanda dünýäde iň köp «AFCP» taslamasynyň bardygyny buýsanç bilen bellemek isleýärin. Bu, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanyň Beýik Ýüpek Ýol mirasyna bolan çuňňur hormatynyň alamatydyr,» diýip, Ilçi Klimow öz çykyşynda belledi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi, Los-Anjelesdäki J. Pol Getti muzeýi we toparyň beýleki agzalary, gadymy Merwde tapylan V-nji asyra degişli Buddanyň heýkeliniň kelle böleginiň galyndylaryny öwrenmek, durnuklaşdyrmak we gorap saklamak üçin bilelikde işlärler. Ilçi Klimowyň nygtaýşy ýaly: “Beýik Ýüpek Ýolunyň ugrundaky uly we baý şäherleriň biri bolan Merwde, Zoroastrizm, Hristianlyk, Iudaizm we Buddizm dinlerine uýýanlar parahatçylykly ýaşapdyrlar. Bu taslama, Türkmenistanyň şu güne çenli giňişleýin öwrenilmedik Buddist mirasy barada maglumat berer.”
“Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” (AFCP), ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan döredilen we dolandyrylýan, her ýyl yglan edilýän grant bäsleşigidir. 2001-nji ýylda döredilen gününden bäri, «AFCP» maksatnamasy dünýäniň 130-dan gowrak ýurdunda 1000-den gowrak medeni mirasy gorap saklamak taslamasyna goldaw berdi. Şu güne çenli «AFCP» Türkmenistanda 30 sany taslama üçin, takmynan 2 million ABŞ dollaryna barabar möçberinde maliýe baýraklaryny gowşurdy. Şeýlelik bilen, Türkmenistan «AFCP» baýraklary boýunça dünýäde birinji orny eýeleýär. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Hökümeti bilen Beýik Ýüpek Ýolunyň ugrundaky taryhy möhüm medeni ýadygärlikleri, köp asyrlyk senetleri we halylary, halk aýdym-sazlaryny we taryhy golýazmalary gorap saklamak we öwrenmek üçin ýakyn hyzmatdaşlyk etdi.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň soraglaryny ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň maglumat we medeniýet bölümine ibermegiňizi haýyş edýäris: USEmbassy-Ashgabat-PAS@state.gov