ABŞ-nyň Ilçihanasy Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda Iňlis dilinde sözleri harpma-harp aýtmak boýunça milli bäsleşigi ilkinji gezek gurnady

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2022-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Merkezi Aziýanyň Iňlis dilinde sözleri harpma-harp aýtmak boýunça ilkinji milli basleşigini gurnady. Bäsleşik Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirildi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň 18 ýokary okuw jaýlarynyň 80-e golaý zehinli ýaşlary iňlis dili başarnyklaryny, ynamly özüňi alyp barmak we köpçüligiň öňünde çykyş etmek endiklerini görkezmegi başardylar. Milli bäsleşikde ýeňiji bolan dört sany ýaryşa gatnaşyjylaryň ikisi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, galan ikisi bolsa Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň we Döwletmammet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplarydyr. Milli bäsleşigiň ýeňijileri şu ýylyň ahyrynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa Iňlis dili sözlerini harpma-harp aýtmak boýunça sebitara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar.

Iňlis dili sözleri harpma-harp aýtmak boýunça basleşik ABŞ-nyň özboluşly bir milli däbidir we jenap Ilçi Klimowyň açylyş dabarasynda belläp geçişi ýaly: “Bu bäsleşik müňlerçe talyplary, şol sanda, Türkmenistany hem öz içine alýar! Gatnaşanyňyz üçin size berekella aýdýaryn: Iňlis dili sözleri harpma-harp aýtmak boýunça basleşik bu – iňlis dilini bilşiňi barlamak, özüňizde ynam döretmek we köpçüligiň öňünde çykyş etmek endiklerini üçin iş ýüzünde tejribe almak üçin ajaýyp bir pursatdyr.” Milli bäsleşikde ýeňiş getiren sözler “anomaly,” “lachrymose” hem-de “abrasive” sözlerinden ybaratdyr.