ABŞ-nyň Ilçihanasy Türkmenistanda her ýyl geçirýän tomusky filmler görkezilişinde täze amerikan kinolary hödürleýär

ABŞ-nyň Ilçihanasy Türkmenistanda her ýyl geçirýän tomusky filmler görkezilişinde täze amerikan kinolary hödürleýär

Aşgabat, 2017-nji ýylyň 30-njy iýuny  1-nji iýulda ABŞ-nyň Ilçihanasy her ýyl geçirýän tomusky filmler görkezilişini başlap, tomaşaçylara üç täze amerikan blokbasterleri görkezer. Ilçihana kinolary Aşgabat, Balkanabat, Daşoguz, Mary, Türkmenbaşy we Türkmenabat şäherleriniň kinoteatrlarynda görkezer. ABŞ-nyň Ilçihanasynyň wekilleri kinolary tanyşdyryp, tomaşaçylary görkezilişden öň we soň garşy alarlar.

“Gelip ýetmek” – baş rollarda Emi Adams we Jeremi Renner bolan we Kinoakademiýanyň sekiz baýragyna teklip edilen ylym-fantastika kinosy. “Moana” – Walt Disney studiýanyň we Lin-Manuel Mirandanyň sazyny hödürleýän, Kinoakademiýanyň iki baýragyna teklip edilen animasiýa kinosy. “Terk edilen. Ýyldyzlar urşy” – seriýanyň altynjy doly metražly we 2016-njy ýylda kinoteatrlarda iň köp girdeji gazanan ylym-fantastika kinosy.

Tomusky filmler görkezilişi indiki dört hepdäniň içinde aşakdaky tertip boýunça geçer. Filmleriň ählisi rus dilinde iňlis subtitrleri bilen görkeziler. Giriş tölegsiz we hemmeler üçin açyk.

Aşgabat ş. – “Aşgabat” kinoteatry

Şenbe, 1-nji iýul sagat 11:00 “Moana” (multfilm)
Şenbe, 1-nji iýul sagat 15:00 “Terk edilen. Ýyldyzlar urşy” (çeper film)
Şenbe, 1-nji iýul sagat 18:30 “Gelip ýetmek” (çeper film)

Aşgabat ş. – “Aşgabat” kinoteatry

Ýekşenbe, 2-nji iýul sagat 11:00 “Moana” (multfilm)
Ýekşenbe, 2-nji iýul sagat 15:00 “Terk edilen. Ýyldyzlar urşy” (çeper film)
Ýekşenbe, 2-nji iýul sagat 18:30 “Gelip ýetmek” (çeper film)

Mary ş. – Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry

Anna, 7-nji iýul sagat 11:00 “Terk edilen. Ýyldyzlar urşy” (çeper film)
Anna, 7-nji iýul sagat 18:30 “Gelip ýetmek” (çeper film)
Şenbe, 8-nji iýul sagat 11:00 “Moana” (multfilm)

Türkmenabat ş. – Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry

Şenbe, 8-nji iýul sagat 18:30 “Terk edilen. Ýyldyzlar urşy” (çeper film)
Ýekşenbe, 9-njy iýul sagat 11:00 “Moana” (multfilm)
Ýekşenbe, 9-njy iýul sagat 18:30 “Gelip ýetmek” (çeper film)

Daşoguz ş. – Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry

Şenbe, 15-nji iýul sagat 11:00 “Terk edilen. Ýyldyzlar urşy” (çeper film)
Şenbe, 15-nji iýul sagat 18:30 “Gelip ýetmek” (çeper film)
Ýekşenbe, 16-njy iýul sagat 11:00 “Moana” (multfilm)

Balkanabat ş. – Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry

Anna, 21-nji iýul sagat 18:30 “Gelip ýetmek” (çeper film)
Şenbe, 22-nji iýul sagat 11:00 “Moana” (multfilm)
Şenbe, 22-nji iýul sagat 15:00 “Terk edilen. Ýyldyzlar urşy” (çeper film)

Türkmenbaşy ş. – Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni-sport toplumy

Ýekşenbe, 23-nji iýul sagat 11:00 “Moana” (multfilm)
Ýekşenbe, 23-nji iýul sagat 15:00 “Terk edilen. Ýyldyzlar urşy” (çeper film)
Ýekşenbe, 23-nji iýul sagat 18:30 “Gelip ýetmek” (çeper film)

Doly maglumat üçin ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine 47-35-06 (goşmaça 1) telefon ýa-da irc-ashgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.