Aşgabat, 2019-nji ýylyň 5-nji fewraly – 9-njy fewralda ABŞ-nyň Ilçihanasy her ýyl geçirýän gyşky filmler görkezilişini başlap, tomaşaçylara üç täze amerikan blokbasterleri görkezer. Bu aý filmler, dürli we güçlü Afrikan ve Afrikan-amerikan gahrymanlary suratlandyryp, Afrikan-amerikanlaryň taryhynyň aýyny belleýärler. Filmler Aşgabat, Balkanabat, Daşoguz, Mary, Türkmenbaşy we Türkmenabat şäherlerinde fewral aýynda görkeziler. ABŞ-nyň Ilçihanasynyň wekilleri filmleri tanyşdyryp, tomaşaçylary görkezilişden öň we soň garşy alarlar.
Baş rollarynda Çadwik Bouzmanyň we Lupita Nýongonyň oýnan “Gara babyr” atly filmi Kinoakademiýanyň iň gowy film sylagyny hem öz içine alýan alty baýragyna teklip edildi we 2018-nji ýylda kinoteatrlarda iň köp girdeji gazanan filmleriň arasynda ikinji boldy. Wolt Disneý studiýalarynyň animasiýa filmi bolan “Şagyzy we gurbaga” Kinoakademiýanyň iki baýragyna teklip edildi we Rändi Nýumanyň sazlaryny öz içine alýar. Drim Wörks Animeýşn tarapyndan düşürilen bir animasiýa filmi bolan “Öý”, Jenifer Lopez we Riana tarapyndan seslendirildi we 380 million dollardan gowrak girdeji gazandy.
Gyşky filmler görkezilişi indiki dört hepdäniň içinde aşakdaky tertip boýunça geçer. Filmleriň ählisi rus dilinde iňlis subtitrler bilen görkeziler. Giriş tölegsiz we hemmeler üçin açyk.
Aşgabat ş. – “Aşgabat” kinoteatry
- Ýekşenbe, 10-njy fewral sagat 11:00 “Şagyzy we gurbaga” (multfilm)
- Ýekşenbe, 10-njy fewral sagat 15:00 “Öý” (multfilm)
- Ýekşenbe, 10-njy fewral sagat 18:30 “Gara babyr” (çeper film)
Türkmenabat ş. – Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry
- Şenbe, 9-njy fewral sagat 11:00 “Şagyzy we gurbaga” (multfilm)
- Şenbe, 9-njy fewral sagat 15:00 “Öý” (multfilm)
- Şenbe, 9-njy fewral sagat 18:30 “Gara babyr” (çeper film)
Mary ş. – Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry
- Ýekşenbe, 10-njy fewral sagat 13:00 “Şagyzy we gurbaga” (multfilm)
- Ýekşenbe, 10-njy fewral sagat 15:00 “Öý” (multfilm)
- Ýekşenbe, 10-njy fewral sagat 18:30 “Gara babyr” (çeper film)
Balkanabat ş. – Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry
- Anna, 15-nji fewral sagat 18:30 “Gara babyr” (çeper film)
- Şenbe, 16-njy fewral sagat 11:00 “Şagyzy we gurbaga” (multfilm)
- Şenbe, 16-njy fewral sagat 14:00 “Öý” (multfilm)
Türkmenbaşy ş. – Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni-sport toplumy
- Ýekşenbe, 17-nji fewral sagat 11:00 “Şagyzy we gurbaga” (multfilm)
- Ýekşenbe, 17-nji fewral sagat 15:00 “Öý” (multfilm)
- Ýekşenbe, 17-nji fewral sagat 18:30 “Gara babyr” (çeper film)
Daşoguz ş. – Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry
- Ýekşenbe, 24-nji fewral sagat 11:00 “Şagyzy we gurbaga” (multfilm)
- Ýekşenbe, 24-nji fewral sagat 15:00 “Öý” (multfilm)
- Ýekşenbe, 24-nji fewral sagat 18:30 “Gara babyr” (çeper film)
Doly maglumat üçin ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine 47-35-06 (goşmaça 1) telefon ýa-da AmericanCenterAshgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.