Jorj Waşingtonyň doglan güni mynasybetli ABŞ-nyň ilçihanasy dine ynanma azatlygyny we çydamlylygy goldaýarlar

Düşünjäňi erkin beýan etmek, dine ynanma we wyjdan azatlygy BMG-nyň adam hukuklary baradaky Ähliumumy deklarasiýasynda hem-de beýleki halkara resminamalarda öz beýanyny tapan umumy ynsanyýet gymmatlyklarydyr. Amerikanyň Birleşen Ştatlary öz ýurdynda we dünýäde dine ynanma azatlygyny goramak bilen dini çydamlylygyny goldaýarlar.

1790-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilkinji Prezidenti bu ýörelgäni özüniň Rod-Aýlend adasyndaky Nýuport şäherine ilkinji bolup göçüp gelen adamlara ýazan hatynda beýan etdi.  Şol hatda, hususan-da, “ Amerikanyň Birleşen Ştatlary dini çydamsyzlygy goldamaýandygyny, her adam öz saýlan dinine uýup bilýändigini – bu onuň tebigy we aýrylmaz hukugydygyny” belleýär.

22-nji fewral – Prezident Waşingtonyň doglan güni mynasybetli, Aşgabat şäherindäki Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanasy ABŞ-nyň dine ynanma azatlygyny we çydamlylygy tutuş dünýäde ilerlertmäge ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasy hökmünde şol haty çap edýär.

Jorj Waşingtonyň Rod-Aýlend ştatyň Nýuport şäherinde ýaşaýan Iudeýler jemagatyna jogap edip ýazan haty

Jenaplar!

Wepalylyk we hormat duýgusy bilen ýazylan hatyňyzy uly kanagatlanma bilen okap, men Nýuport şäherine bolan saparymyň dowamynda ähli raýatlaryň mähirli garşy alşyny elmydama minnetdarlyk bilen ýatlaýandygymy nygtap jogap bermäge mümkinçilik dörändigine begenýärin.

Başdan geçen agyr we howply döwür baradaky ýatlamalar bugün dowran sürýän üýtgeşik abadançylyk we howpsuzlygyň ýanynda gowşak duýulýar.

Gazanylan aýratynçylyklary iň amatly şekilde ulanyp parasatly hereket etsek, adalatly we merhetmetli höküm etmek şerti bilen biz hökman beýik we bagtyýar halk bolarys.

Adamzada rehimli we liberal syýasatyň nusgawy mysallaryny äşgär edendigi üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň raýatlary guwanyp bilerler.  Ähli raýatlaryň deň derejede dine ynanma azatlygy we raýat hukuklary bar.

Bugün çydamlylyk – diňe adamlaryň belli bir synpynyň beýleki bir synpa ynsana mahsus tebigy we aýrylmaz hukuklardan peýdalanmaga rugsat bermegi däldir.  Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümeti dini çydamsyzlygy goldamaýandygy ýaly ezmelere hem ýardam etmeýär; şeýle-hem garamagyndaky ähli adamlardan diňe öz raýatlyk borçlaryny ýerine ýetirmegini, ýagny hökümete zerur bolan täsirli kömek bermegini talap edýär.

Meniň bellän ýolbaşçylyk diwanyma beren oňaýly bahaňyz we eden oňat arzuwlaryňyz meniň göwnüme ýarandygyny aýtmasam meniň gönümel häsiýetime laýyk gelmezdi.

Goý mundan beýläk-hem ýurdumyzda ýaşaýan Ybraýym Pygamberiň nesilleri ähli raýatlaryň hoşniýetliliginden peýdalansynlar, sebäbi her bir adamyň howpsuzlyk berýän üzüm ýa-da tut agajy bolmaly.

Goý, Beýik Tagalla durmuşymyza ýagtylyk ýaýsyn, il-halkymyza peýdaly bolup ýaşamagy miýesser etsin, wagty gelende bolsa bizi ebedi eşrete alyp gitsin.

J. Waşington