Iki sany at gazanan kinodöredijilik bilermenleri, režisýor Stiwen (Sendi) Smolan we kinematografçy Kristofer Çomin, “Amerikan filmleriniň görkezilişi” atly medeni maksatnamasynyň çäklerinde Aşgabat şäherine 20-25 maý aralygynda sapar edip, kinematograf hünärmenleri bilen öz tejribesini paýlaşarlar.
Bu iki kinematografçy ilçihananyň Maglumat serişdeler merkezinde (MSM) we “Aşgabat” kinoteatrynda köpçülik üçin filmleri görkezip, aşakdaky tertip boýunça çykyş ederler:
MSM
- 20-nji maý, 17:30 – “Reýçel derýasy” filmini görkezmek we onuň režisýory Sendi Smolan bilen filmi ara alyp maslahatlaşmak
- 23-nji maý, 15:30 – Line arkaly kino bilermenleri we ilçihananyň dostlary arasynda söhbetdeşlik
- 23-nji maý, 17:00 – “Wirtual dünýä” (Virtual Reality) barada çykyş
“Aşgabat” kinoteatry
- 21-nji maý, 12:00 – “Gyzlar++” (She++), iňlis dilinde türkmen dilindäki subtitr bilen dokumental film, filmden soň kinematografçylar tomaşaçylaryň soraglaryna jogap berer
- 21-nji maý, 16:00 – “Uly arzuw” (Big Dream), iňlis dilinde rus dilindäki subtitr bilen dokumental film
- 21-nji maý, 18:30 – “Topspin” (Top Spin), iňlis dilinde türkmen dilindäki subtitr bilen dokumental film
“Amerikan filmlerini görkeziliş” medeni maksatnama bolup, onuň çäklerinde her ýyl amerikan kino hünärmenleriniň gatnaşmagynda 35-den gowrak ýurtlarda medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin okuw sapaklary we görkezilişleri guralýar.
Goşmaça maglumat almak üçin ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bolümine (+99312) 473503 we (+99312) 473506 telefon belgileri ýa-da irc-ashgabat@state.gov elektron salgysy arkaly ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.