Şu gün ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Allan Mastard türkmen diline terjime edilip, çap edilen iki sany çagalar üçin niýetlenen amerikan kitaplary bilen tanyşdyrýar. 2015-nji ýylda türkmen dilinde çap edilen “Şarlotyň kerebi” atly kitabynyň üstünligine daýanyp, ABŞ-nyň ilçihanasy amerikan awtory bolan Lora Inglz-Waýlderiň “Daýhan oglan” we “Uly tokaýdaky kiçijik jaý” atly iki kitabyny terjime edip, çap etdi. Awtoryň 1870-nji ýyllara degişli ýatlamalaryna esaslanan bu kitaplar amerikan edebiýatynyň ady belli hekaýalary bolup, millionlarça amerikan okuwçylaryna tanyş bolan eserleridir. Şu taslamanyň kömegi bilen ilçihana türkmen dilinde kitaplaryň okalmagyny öňe sürýär we Türkmenistanyň raýatlary bilen amerikan klassyk edebiýatyny paýlaşýar.
Kitaplar bilen tanyşdyrma çäresi ilçihananyň Maglumat serişdeler merkezinde (MSM) 5-nji maýda sagat 18:00-da bolup geçer. Tanyşdyrma çäresiniň dowamynda kitaplardan gysgajyk parçalar türkmen we iňlis dilinde okalar hem-de kitaplar barada treýler döretmegiň bäsleşigi yglan ediler. Gatnaşyjylara bolsa bu kitaplar sowgat beriler.
Goşmaça maglumat almak üçin ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bolümine (+99312) 473503 we (+99312) 473506 telefon belgileri ýa-da irc-ashgabat@state.gov elektron salgysy arkaly ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.