ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmen ýaşlarynyň takyk we tehniki ylymlar, tehnologiýalar we matematika (STEM) bilimlerini öwrenmegini öňe sürýär

ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmen ýaşlarynyň takyk we tehniki ylymlar, tehnologiýalar we matematika (STEM) bilimlerini öwrenmegini öňe sürýär

Şu gün, amerikan mugallymy we alymy Karen Piterson ABŞ-nyň ilçihanasy bilen bilelikde ýaşlaryň takyk we tehniki ylymlary, tehnologiýalary we matematika (STEM) bilimlerini öwrenmegini öňe sürýän ýedi günlik maksatnamany başlaýar. 29-njy fewral -5-nji mart aralygynda Karen Piterson Aşgabat şäheriniň 6-njy we Ruhnama mekdeplerinde ussatlyk sapaklaryny geçirer. Mundan başga-da, Karen Piterson ilçihananyň Maglumat we serişdeler merkezinde birnäçe gepleşik iňlis dili hem-de ussatlyk sapaklaryny aşakdaky tertip boýunça geçirer.

Karen Piterson “Milli gyzlar birleşigi” guramasynyň baş direktory we “Milli gyzlar bilelikdäki taslamasynyň” ylmy ýolbaşçysy bolup işleýär. Bu taslama gyzlaryň STEM ylymlaryna gyzyklanmasyny ösdürmek isleýän guramalaryň umumy serişdeleriniň elýeterligini artdyrmaga çalyşýar. Häzirki wagtda bu taslamanyň ABŞ-da 18,8 million gyzlar we 7,9 million oglanlar bilen işleýän köpsanly şahamçalary bardyr. Karen Piterson 25 ýyldan bäri bilim ulgamymda işleýär. Onuň synp ýolbaşçysy, ýokary okuw jaýynyň mugallymy, mugallymlary kämilleşdirmek hünärmeni, maksatnamanyň ýolbaşçysy we alym hökmünde baý tejribesi bar.

Şu aşakdaky hemmeler üçin açyk bolan çäreler ilçihananyň Maglumat we serişdeler merkezinde geçiriler:

Duşenbe, 29-njy fewral
15:00 – 16:00  “STEM näme?”
16:00 – 17:00  Ussatlyk sapagy

Sişenbe, 1-nji mart
16:00 – 17:00  Tegelek stol: “STEM ylymlary boýunça iň gowy uniwersitetler we iş mümkinçilikleri”
17:00 – 18:00  Ussatlyk sapagy

Çarşenbe, 2-nji mart
15:00 – 16:00  STEM ylymlary barada gepleşik iňlis dili

Penşenbe, 3-nji mart
17:00 – 18:00 Aýallaryň taryhy aýy: “STEM ylymlary ulgamynda aýallaryň gazananlary”

Anna, 4-nji mart
12:00 – 13:00  STEM ylymlary barada gepleşik iňlis dili

Bu maksatnama boýunça goşmaça maglumatlar üçin ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine 47-35-06 (1) telefon ýa-da irc-ashgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.