Her güýz ABŞ-nyň Ilçihanasy Halkara bilim boýunça Amerikan Geňeşligi bilen bilelikde Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryny “FLEX” maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrýardy. 2016-njy ýylda müňden gowrak mekdep okuwçysy 2017-2018-nji okuw ýylyny ABŞ-nyň orta mekdepleriniň birinde okamaga mümkinçiik berýän 25 orna dalaş etdiler. Geçen ýyl Amerikan Geňeşligi sentýabr bilen noýabr aýlarynyň aralygynda Aşgabat, Balkanabat, Daşoguz, Mary, Tejen we Türkmenbaşy şäherlerinde synaglary geçirdi. Bu synaglara gatnaşmaga isleg bildiren we ähli talaplara, şol sanda ýaş bilen baglanşykly talaplara laýyk gelýän ähli mekdep okuwçylar gatnaşdy. Bu maksatnama iki ýurdyň özara düşünişmegini artdyryp Türkmenistanyň okuwçylaryna ýatdan çykmajak medeni tejribe hödürleýär. ABŞ-nyň Ilçihnanasy bu maksatnamany goldaýanlygy üçin örän şat.
Biz 2017-nji ýylyň “FLEX” maksatnamasy boýunça synaglaryň geçiriljek senesiniň ýakyn wagtda belli bolmagyna garaşýarys. Häzirki wagtda, ABŞ-nyň Ilçihanasy we Amerikan Geňeşligi synaglary başlamak üçin Türkmenistanyň Hökümetiniň razylygyna garaşýar. Türkmenistanyň Hökümeti öz razylygyny berenden soň, “FLEX” synaglarynyň geçiriljek ýeri we senesi Ilçihananyň web-saýty we beýleki internet sahypalarynyň üsti bilen bildiriler. “FLEX” synaglaryny Amerikan Geneşligi geçirýändigini ýatladyp “FLEX” maksatnamasyna degişli ähli soraglaryňyzy Amerikan Geňeşligine gönükdirmegiňizi Sizden haýyş edýäris. Amerikan Geňeşliginiň web-saýty: http://americancouncilstm.org/news/flex/.