ABŞ-nyň ilçihanasy Türkmenistanyň okuw jaýlarynyň ösüşine goldaw berýär (2016-njy ýylyň 24-nji fewraly)Aşgabat, 2016-njy ýylyň 24-nji fewraly – Ylymlaryň doktory professor DeÝang (ABŞ) Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetinde Fulbraýt maksatnamasynyň çäginde üç hepde iş saparyny geçirýär. 15-nji fewraldan 4-nji marta çenli doktor DeÝang Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetiniň sosiologiýa ylymlaryny okatmagyň maksatnamasyny işläp düzýän mugallymlary we ýolbaşçylary bilen işleşýär. Ol şeýle hem sosiologiýa fakultetiniň talyplaryna birnäçe leksiýalar we sapaklar geçirýär.
Doktor DeÝang Kentukki uniwersitetiniň bilim syýasatyny öwrenmek we baha bermek professory we sosiologiýa kafedrasynyň mugallymy bolup işleýär. Ol bilim sosiologiýasyny, bilim ulgamynda özgerişleriň analizini, bilim hem medeniýet we Amerikan medeniýetinde bilim ýaly sapaklary okadýar. Doktor DeÝang ABŞ-nyň, Kanadanyň, Päkistanyň, Gyrgyzstanyň, Gazagystanyň we Täjigistanyň okuw jaýlarynda Fulbraýt maksatnamasynyň hünärmeni we maslahatçysy bolup işledi. Doktor DeÝang Kentukki uniwersitetindäki işinden daşary, sosiologiýa we bilim boýunça birnäçe kitap we makala çap etdi.
Fulbraýt maksatnamasy ABŞ-nyň ilçihanasynyň Türkmenistanyň okuw jaýlarynyň ösüşini we amala aşyrylýan bilim reformalaryny goldaýan köpsanly gysga we uzak möhletli okuw maksatnamalarynyň biridir. Bu maksatnama boýunça ykdysadyýet, maglumat tehnologiýalary, kitaphana ylymlary we beýleki ugurlar boýunça amerikan hünärmenleri Halkara gatnaşyklar institutynda, Halkara ynsanperwer ylymlar we ösüş uniwersitetinde, Türkmenistanyň milli kitaphanasynda, Medeniýet institutynda we başga okuw jaýlarynda okatdylar.
Goşmaça maglumatlar üçin ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine (+99312) 473506 (1) telefon ýa-da irc-ashgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.