Türkmenistanyň alty şäherinde bolup geçen ABŞ-nyň Ilçihanasyny tarapyndan her ýyl geçirilýän 2019-njy ýylyň üçin gyşky kino görkezilişlerine 9,000-den gowrak adam gatnaşdy. ABŞ-nyň Ilçihanasy afrikan-amerikan taryhy aýy mynasybetli tanymal afro-amerikaly gahrymanlarynyň gatnaşmagynda “Şazada gyz we gurbaga” we “Öý” atly animasion filmerini we “Oskar” baýragyna mynasyp bolan “Gara babyr” super gahryman baradaky filmi görkezmek üçin saýlady. Afrikan-amerikan taryhy aýy ABŞ-da her ýylyň fewralynda bellenilýär. ABŞ-nyň ilçihanasynyň kino görkezilişi Mary şäherinde fewralyň 9-na, Aşgabat we Türkmenbat şäherlerinde fewralyň 10-na, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde fewralyň 15-17-ne, we Daşoguz şäherinde fewralyň 24-ne geçdi. Ilçi Allan Mastard we ilçiniň orunbasary Endrea Brullett-Rodriges Aşgabatda we welaýatlaryň birnäçe şäherlerinde görkezilişleriniň açylşyny geçirdiler. ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Daşary işler ministrligi we Medeniýet ministrligi bilen bilelikde, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn aragatnaşyklary we özara düşünişmegi mundan beýläk-de berkitmek üçin köpdürli medeniýet maksatnamalaryny teklip edýär. ABŞ-nyň Ilçihanasynyň her ýylky kino görkezilişi 10 ýylyň dowamynda türkmen tomaşaçylaryny begendirip, Türkmenistanyň raýatlaryna amerikan durmuşy, gymmatlyklary we medeniýeti bilen, tanymal kinofilmeriň üsti bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Kino görkezilişler ähli adamlar üçin açykdyr we kinolara giriş tölegsizdir.
