Şu gün ABŞ-nyň “Company E” atly häzirki zaman saz we tans topary Türkmenistandaky kärdeşleri bilen bilimlerini paýlaşmak üçin ussatlyk sapaklaryny we çykyşlaryny başlaýar. Bu maksatnama bilelikdäki türkmen-amerikan konserti bilen 27-nji fewralda tamamlanar.
ABŞ-nyň paýtagty Waşington şäherinde esaslanan “Company E” beýik horeograflary, tansçylar, sazandalar we aýdymçylar bilen halkara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär. “Company E” häzirki zaman horeografiýasyna aýratyn üns berip, dünýäniň ähli künjeklerinden bolan toparlar we, öz işini halkara sahnada görkezmek üçin, ABŞ-nyň daşary ýurt wekilçilikleri bilen hyzmatdaşlyk edýär. “Company E” Türkmenistana 3-nji gezek sapar etmek bilen 2013-nji we 2014-nji ýyllarda Aşgabatda bolup geçen maksatnamasyny we çykyşlaryny dowam edýär.
Toparyň direktory Pol Emersonyň ýolbaşçylygynda amerikan mugallymlary we ýerine ýetirijileri Döwlet medeniýet merkezi, Milli simfoniki orkestri, Milli tans topary, Milli hor we “Läle” aýdym topary bilen gönüden-göni. Şeýle hem “Company E” ilçihananyň Maglumat we serişdeler merkezinde köpçülik üçin çykyş eder. Şu aşakdaky çärelere giriş tölegsiz we hemmeler üçin açykdyr.
Sişenbe, 23-nji fewral
18:00 – ABŞ-nyň ilçihananyň Maglumat we serişdeler merkezinde köpçülik üçin çykyş
Şenbe, 27-nji fewral
19:00 – Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezi bilen bilelikdäki konsert, “Türkmenistan” kinokonsert merkezi, Aşgabat
Goşmaça maglumatlar üçin ABŞ-nyň ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine 47-35-06 (1) telefon ýa-da irc-ashgabat@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.