Wenadaky halkara guramalaryna ABŞ-nyň wekilhanasy
Wena, Awstriýa
2020-nji ýylyň 12-nji iýuny
BADA-BAT ÝAÝRATMAK ÜÇIN
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Hukuk goraýyş işi we neşe serişdeleriniň halkara dolanyşygyna garşy göreş boýunça býurosy (INL) «Türkmenistanda kazyýet lukmançylygy kämilleşdirmek» taslamasynyň 2-nji tapgyryny goldamak maksady bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdiriýetine (UNODC) 200 000 dollar bölüp berýändigini mälim edýär. Bu, «UNODC» – nyň Türkmenistana kazyýet laboratoriýalarynyň halkara akkreditasiýa ülňülerine laýyk gelmek we olary aşmak üçin edýän goldawyna goşant bolar.
Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän bu taslama, guramaçylykly jenaýatçylyk we neşe serişdeleriniň dolanşygy boýunça işjeň derňew geçirmek we kazyýet jogapkärçiligine çekmek işlerini öz içine alyp, kazyýet lukmançylygynyň potensialyny ösdürer. Bu başlangyjyň birinji tapgyry eýýäm ýokary netijeleri berdi. 2019-njy ýylda türkmen kazyýet-lukmançylyk hünärmenleri kazyýet laboratoriýalarynyň hilini dolandyrmak we halkara akkreditasiýa taýýarlyk görmek boýunça kärdeşleri bilen Litwada tejribe alyşdylar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary «UNODC» bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge dowam edýärler we guramanyň ygtyýarlyklaryna girýän iň möhüm meseleleri çözmek üçin uly mukdarda serişde gönükdirmegi dowam edýärler. Şonuň ýaly-da, «UNODC» Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň kazyýet laboratoriýalary bilen ynamly we öňden gelýän gatnaşygy saklaýar.
Amerikanyň Birleşen Ştatlary, kazyýet lukmançylygynyň potensialyny ösdürmek ugrundaky Türkmenistanyň tagallalaryna goldaw bermek üçin, «UNODC» bilen hyzmatdaşlyk edýändigine buýsanýarlar.
Bu taslamany «INL», Kongres tarapyndan ABŞ-nyň Döwlet departamentine Türkmenistanda hukuk goraýjy edaralara goldaw bermek üçin bölüp beren serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirýär.
«UNODC»-nyň dünýädäki hukuk goraýjy edaralar bilen alyp barýan gatnaşyklary barada has giňişleýin maglumaty guramanyň internet sahypasynda okap bilersiňiz: https://www.unodc.org/unodc/en/scientists/law-enforcement.html.
ABŞ-nyň wekilhanasyny Twitter, Facebook we Instagram @USUNVIE-de yzarlaň.
Soraglaryňyzy UNVIEpress@state.gov salgysyna ibermegiňizi haýyş edýäris.