Aşgabat, Türkmenistan, 2021-nji ýylyň 11-nji marty – Şu gün, ABŞ-nyň Halkara Ösüş boýunça guramasy (USAID) tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa we Telekeçiligi Ösdürmek Taslamalary tarapyndan we BMG-niň Türkmenistandaky Neşe Serişdeleri we Jenaýatçylyk baradaky Müdirligi (BMGNJM) we Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Türkmen kärhanalaryň eksport mümkinçiligini we halkara söwda hyzmatdaşlygyny artdyrmakda durmuş taýdan jogapkärçiligiň we zähmet hukuklary sertifikatlaşdyrmagyň orny boýunça wideo aragatnaşyk konferensiýasy gurnaldy. Çärä Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň we beýleki ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň, we döwletiň halkara zähmet standartlarynyň berjaý edilmeginiň kuwwatlylygynyň artdyrylmagynda gyzyklanýan hususy kärhanalaryň wekilleri gatnaşdy.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mätýü S. Klimow we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligiň, Türkmenistanyň Zähmet we durmuş taýdan goramak ministrligiň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligiň Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligiň, Türkmenistanyň Dokma Senagat Ministrligiň, Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar birleşmesiniň, Ttirkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany, Türkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugynyň wekilleri bu wideo aragatnaşyk arkaly konferensiýa gatnaşdylar.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mätýü S. Klimow gatnaşyjylara ýüzlenip, “Türkmenistanyň eksporty artdyrmak islegi, halkara alyjylaryň önümleriň hiline we sertifikasiýalaşdyrylmagyna bolan islegleri barada kanun çykaryjylaryň, söwda wekilleriniň we hususy kärhanalaryň wekilleriniň habarlylyk derejesini ýokarlandyrmagyny talap edýär,” diýip belledi.
Webinaryň dowamynda halkara çykyş edijiler kärhanalaryň işine hemmetaraplaýyn baha bermek üçin umumy ykrar edilen halkara ülňülerini ulanyp, türkmen önümleriniň eksportyny ýokarlandyrmak strategiýalaryny hödürlediler.
###
USAID halkara ösüş boýunça dünýäniň öňdebaryjy guramasydyr we ösüşiň netijelerini herekete getirýän itergi bolup durýar. USAID-yň işi ABŞ-nyň milli howpsuzlygyny we ykdysady taýdan gülläp ösmegini ösdürýär, Amerikan halkynyň sahylygyny görkezýär we hyzmatdaş döwletiň öz-özüňi üpjün edişini we durnuklylygyny öňe sürýär. Has giňişleýin maglumat üçin https://www.usaid.gov/central-asia-regional we USAID-yň Facebook sahypasyna serediň: https://www.facebook.com/USAIDCentralAsia.
ABŞ-nyň Halkara Ösüş boýunça guramasy (USAID) tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada Howpsuz Migrasiýa maksatnamasy Winrock International tarapyndan Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunda durmuşa geçirilýär. Maksatnama migrasiýa tejribelerini kämilleşdirmek we adamlaryň ezilmeginiň öňüni almak üçin ýerli häkimiýetler, raýat jemgyýeti we hususy ulgam bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk alyp barýar. Has giňişleýin maglumaty USAID-iň Merkezi Aziýadaky sebitleýin edarasynyň websaýtynda elýeterlidir: https://www.usaid.gov/central-asia-regional/fact-sheets/safe-migration-central-asia.
USAID-iň Merkezi Aziýada Telekeçiligi ösdürmek taslamasy Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunda ýerli kärhanalaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, täze iş ýerleri döretmek we işleýän ilatyň girdeýjisini ýokarlandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýär. Has giňişleýin maglumat: https://www.usaid.gov/en/central-asia-regional/fact-sheets/usaid-central-asia-future-growth-initiative web we https://www.facebook.com/FGICentralAsia Facebook sahypalarynda.
Goşmaça maglumat üçin ABŞ-nyň Halkara Ösüş boýunça guramasynyň (USAID) habar beriş kordinatory Wepa Berdiýew bilen habarlaşyp bilersiňiz.