ABŞ-nyň hökümeti Türkmenistanda zähmet we adam hukuklary goramakda işewürlik ulgamynda adalatçysynyň orny barada dünýä tejribelerini paýlaşýar

 2021-nji ýylyň 4-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan – Şu gün, ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça guramasy (USAID) tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa we BMG-niň Türkmenistandaky Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi (BMGNJM) we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda hususy ulgamynda zähmet meselelerine gözegçilik edýän Işewürlik ulgamynda Adalatçysynyň orny barada halkara tejribeleri paýlaşmak babatynda wideo aragatnaşyk arkaly webinar geçirildi.

ABŞ-nyň hökümeti Türkmenistanda zähmet we adam hukuklary goramakda işewürlik ulgamynda adalatçysynyň orny barada dünýä tejribelerini paýlaşýar ABŞ-nyň hökümeti Türkmenistanda zähmet we adam hukuklary goramakda işewürlik ulgamynda adalatçysynyň orny barada dünýä tejribelerini paýlaşýar

ABŞ-nyň hökümeti Türkmenistanda zähmet we adam hukuklary goramakda işewürlik ulgamynda adalatçysynyň orny barada dünýä tejribelerini paýlaşýar ABŞ-nyň hökümeti Türkmenistanda zähmet we adam hukuklary goramakda işewürlik ulgamynda adalatçysynyň orny barada dünýä tejribelerini paýlaşýar

Türkmenistan hökümetiniň ýurduň hususy pudagyny güýçlendirmek maksadyna laýyklykda, Işewürlik ulgamynda Adalatçysynyň döredilmeginiň mümkinçiligi ýurtda halkara adam hukuklaryň standartlaryny goldamak bilen zähmet hukuklary bilen baglanşykly meseleleri çözmek üçin oňun ädimidir. Şu günki sanly forum: “Işewürlik amallarynda adam söwdasynyň öňüni almak” Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň we beýleki döwlet edaralarynyň hususy toplumda zähmet we adam hukuklary bilen baglanşykly dürli meseleler boýunça işleýän wekilleri habarlylygyny ýokarlandyrdy.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mätýü S. Klimow we Türkmenistanyň Adalatçysy, hanym Ýazdursun Gurbannazarowa bu wideo aragatnaşyk arkaly çärä gatnaşdylar. ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Mätýü S. Klimow gatnaşyjylara ýüzlenip: “Men Türkmenistanyň BMG-nyň 8-nji Durnukly ösüş maksadyna (SDG) we onuň dowamly, öz içine alyjy we durnukly ykdysady ösüşi, doly we öndürijilikli işi we hemmeler üçin mynasyp işi öňe sürmek maksadyna ýetmek üçin alyp barýan işleri bilen gutlaýaryn.” Ol dowam edti: “Işgärlerimizi goramaklyk biziň elimizdedir. Olar gowy iş we olara hormat goýulmagyny we mynasyp we adalatly çemeleşilmegi isleýärler. Müňlerçe adamyň durmuşyna täsir etjek bu taslamada öňümizdäki aýlarda siziň bilen işleşmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.”

Webinaryň dowamynda gatnaşyjylar adam hukuklaryň ýörelgelerine we Milli Adam Hukuklary Institutynyň görkezmelerine laýyk gelýän üstünlikli kärhanalaryň durmuşa geçirýän iň oňat tejribeleri bilen tanyşdylar.

 ###

USAID halkara ösüş boýunça dünýäniň öňdebaryjy guramasydyr we ösüşiň netijelerini herekete getirýän itergi bolup durýar. Has giňişleýin maglumat üçin https://www.usaid.gov/central-asia-regional we USAID-yň Facebook sahypasyna serediň: https://www.facebook.com/USAIDCentralAsia.

ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça guramasy (USAID) tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa maksatnamasy Winrock International tarapyndan Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunda durmuşa geçirilýär. Maksatnama migrasiýa tejribelerini kämilleşdirmek we adamlaryň ezilmeleriniň öňüni almak üçin ýerli häkimiýetler, raýat jemgyýeti we hususy ulgam bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy alyp barýar. Has giňişleýin maglumaty USAID-iň Merkezi Aziýadaky sebitleýin guramasynyň websaýtynda elýeterlidir: https://www.usaid.gov/central-asia-regional/fact-sheets/safe-migration-central-asia.

Goşmaça maglumat üçin ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça guramasynyň (USAID) habar beriş kordinatory Wepa Berdiýew bilen habarlaşyp bilersiňiz.