Aşgabat, 2023-nji ýylyň 8-nji maýy – 5-nji maýda “Merrion and Smith” guramasy (Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kongressler Kitaphanasy bilen bilelikde) we Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Milli Golýazmalar Instituty (mundan beýläk Institut diýilip atlandyrylýar) 80 sany gadymy golýazmalary we litografiýa usuly bilen çap edilen kitaplary rejelemek we konserwirlemek boýunça birinji resmi iş saparyny tamamladylar. Golýazmalaryň üstünde işlemek üçin gelen wekilýet şu hünärmenlerden ybarat boldy: jenap Wilýam Bredford Smit, “Merrion and Smith” guramasynyň ýolbaşçysy, hanym Yasmin Han, Kongressler kitaphanasynyň Kitap konserwasiýa bölüminiň başlygy we hanym Tamara Ohanyan, Kongressler kitaphanasynyň Kitap konserwasiýa bölüminiň esasy hünärmeni. Bu iş sapary “Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçileriň gaznasy” maksatnamasynyň çäginde amala aşyryldy. Bu maksatnama her ýyl ABŞ-nyň Döwlet departamenti tarapyndan yglan edilip, özara düşünüşmegi öňe sürmek üçin dünýä ýurtlary bilen medeni mirasy gorap saklamak boýunça taslamalaryň üstünde işleýär. Bu maksatnamanyň çäginde Institut gadymy Türkmen golýazmalary dikeltmek we konserwirlemek boýunça iki taslamany üstünlikli ýerine ýetiripdi.
Iki hepdelik missiýa hanym Han we hanym Ohanýan tarapyndan geçirilen we täze rejeleýiş we konserwasiýa usullary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen tejribe sapaklary bilen başlandy. Bu sapaklar dizinfeksiýa, sahypalary deoksidasiýa etmek, kitaplaryň jildini aýyrmak, şeýle hem jilt we lak bilen örtülen kitap daşlaryny rejelemek temalaryny öz içine aldy. Iki tarap hem kitaplaryň we golýazmalaryň milli hazynadygyny we Türkmenistanyň taryhy bilen baglanyşykly möhüm maglumatlary öz içine alýan türkmen mirasynyň möhüm bölegidigini bellediler. Şol sebäpli, hanym Han we hanym Ohanýan, Institutyň hünärmenleriniň golýazmalaryň tebigy garramagyny haýallatmak üçin zerur tejribe toplamagyny üpjün etmek maksady bilen geljekki missiýalarynda goşmaça tejribe sapaklaryny hödürlärler. Şeýle hem, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen bileklikde, jenap Smit, hanym Han we hanym Ohanýan Instituta konserwasiýa we rejeleýiş işleri üçin möhüm bolan esbaplary sowgat etdiler.
Institutda geçirilen işlerinden daşary, jenap Smit, hanym Han we hanym Ohanýan Türkmenistanyň Medenýet institutynda we Aşgabatdaky Amerikan merkezinde hem tanyşdyryş sapaklaryny geçirdiler. Hanym Hanyň “Kongressler kitaphanasynda taryhy gymmatlyklary gorap saklaýyş usullary” atly tanyşdyryş sapagy talyplary Kongressler kitaphanasynyň gurluşy we onuň gaznasynda saklanylýan ýygyndylary bilen tanyşdyrdy. Hanym Ohanýanyň “Yslam dinine degişli kitaplaryň jiltlemesi” atly tanyşdyryş sapagy bolsa döwrebap kitap rejeleýiş usullary barada gürrüň berdi. Jenap Smityň “Saz we muzeýler: Waşington şäherinde etnomuzykologiýa” sapagy, Amerikan merkezine gelen myhmanlaryny jenap Smityň Türkmenistanda alyp baran aýdym-saz bilen bagly bolan beýleki medeni taslamalary bilen tanyşdyrdy.
Jenap Smity, hanym Hany we hanym Ohanýany Türkmenistana getiren 80 golýazma we gadymy kitaby gorap saklamaga gönükdirilen bu taslama, ABŞ-nyň Ilçihanasy tarapyndan “Merrion & Smith” guramasyna berlen alyş-çalyş maksatanama grantynyň ikinji tapgyrydyr. Birinji tapgyr 2020-nji ýylda amala aşyrylyp, Institutyň alymlaryny Kongressler kitaphanasynda, Metropolitan sungat muzeýinde we Ýeýil uniwersitetinde ylmy-barlag işleri üçin ABŞ-a getirdi. Ýakyn geljekde meýilleşdirilýän üçünji tapgyr, Institutyň alymlary üçin 23 günlük iş saparynyň dowamynda ABŞ-nyň beýleki tanymal guramalaryna baryp işlemek mümkinçiligini döreder.
2001-nji ýylda döredilen gününden bäri, «AFCP» maksatnamasy dünýäniň 130-dan gowrak ýurdunda 1000-den gowrak medeni mirasy gorap saklamak taslamasyna goldaw berdi. Şu güne çenli «AFCP» Türkmenistanda 30 sany taslama üçin, takmynan 2 million ABŞ dollaryna barabar möçberinde maliýe baýraklaryny gowşurdy. Şeýlelik bilen, Türkmenistan «AFCP» baýraklary boýunça dünýäde birinji orny eýeleýär.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň soraglaryny ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň maglumat we medeniýet bölümine ibermegiňizi haýyş edýäris: USEmbassy-Ashgabat-PAS@state.gov.