Şu gün ABŞ-nyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça Döwlet sekretarynyň kömekçisi hanym Nişa Biswal Her ýylky türkmen-amerikan ikitaraplaýyn maslahatlara gatnaşýan Türkmenistanyň hökümet agzalarynyň toparyny garşy aldy. Türkmen toparyna Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşit Meredow baştutanlyk edýär. 2009-njy ýylda esaslandyrylan her ýyl geçirilýän türkmen-amerikan ikitaraplaýyn maslahatlar birek-birege bolan ynamy berkitmäge we ähli ugurlarda ikitaraplaýyn we sebitara meseleler boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini we umumy maksatlary oňe sürmäge ugrukdyrylan syýasy söhbetdeşlik bolup durýar. Bu maslahatlaryň çäginde Döwlet sekretarynyň orunbasary Entoni Blinken birnäçe ikitaraplaýyn we sebitara meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin daşary işler ministri Raşit Meredow bilen duşuşdy. Ýaraglara gözegçilik etmek we halkara howpsuzlyk boýunça Döwlet sekretarynyň orunbasary Rouz Gettemüller bolsa daşary işler ministri Raşit Meredowyň hormatyna berlen günortanlyk naharynyň başynda türkmen we amerikan toparlary bilen duşuşdy. Bu duşuşykda sebitara we energiýa howsuzlyk meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Maslahatlaryň dowamynda gatnaşyjylar ABŞ bilen Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň ähli taraplary, ýagny syýasy wakalar, sebitara durnuklylyk we howpsuzlyk, ynsan hukuklary we ilatyň iş orunlar bilen üpjünçiligi, dini azatlyk, bilim, medeni hyzmatdaşlyk we alyş-çalyş maksatnamalary, we şeýle hem ykdysady ösüş hem-de söwda barada gürrüň geçirdiler. Birleşen Ştatlar şu açyk söhbetdeşlik esasynda Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň giňelmegine we çuňlaşdyrylmagyna garaşýar.
Has doly maglumat üçin Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça bölüme TwitterState_SCA ýa-da SCA-Press@state.gov elektron salgysy boýunça ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.