METBUGAT HABARNAMASY
ABŞ-NYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASY
2023-NJI ÝYLYŇ 10-NJY FEWRALY
Şu gün, 2023-nji ýylyň 10-njy fewralynda Aşgabatdaky Mukamlar köşgünde Amerikan-Türkmen Brodweý konserti uly şowhun bilen geçirildi. 1000-den gowrak aýdym-saz söýüjisiniň gatnaşmagynda geçirilen konsertde “West Side Story”, “The Phantom of the Opera”, “Pirates of the Caribbean” we Brodweýiň beýleki klassiki eserlerinden çykyşlar ýaňlandy.
Dabaranyň açylşynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu S. Klimow şeýle belledi: «Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanasy, Aşgabat jemgyýetine “American Music Abroad” maksatnamasynyň Keýt Bass we Ären Ýaň ýerine ýetirijileriniň gatnaşmagynda Amerikan-Türkmen Brodweý konsertini hödürlemekden hoşallyk duýýar. Hepdäniň dowamynda olar Rasul Klyçewiň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri bilen repetisiýa geçirdiler».
10 günlük maksatnamanyň dowamynda Amerikaly we Türkmen sazandalary çeperçilik we wokal tehnikasy boýunça tejribe alyşdylar. Keýt Bass we Ären Ýaň, Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary we Döwlet hory bilen ýakyndan işleşdiler.
“American Voices” assosiasiýasy tarapyndan dolandyrylýan ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň “American Music Abroad” maksatnamasy, konsertler, bilelikdäki çykyşlar, leksiýalar we seminarlar arkaly medeni aragatnaşygy we adamlaryň arasyndaky baglary ösdürip, Amerikanyň baý aýdym-saz goşantlaryny diňleýjilere ýetirmäge çalyşýar.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň soraglaryny ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň maglumat we medeniýet bölümine ibermegiňizi haýyş edýäris: USEmbassy-Ashgabat-PAS@state.gov.