Döwlet sekretarynyň orunbasary Heýliň Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşigi

Aşgabat, 2020-nji ýylyň 1-nji maýy – 30-njy aprelde Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýliň we Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda Waşingtondan telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Döwlet sekretarynyň orunbasary we Daşary işler ministri COVID-19 pandemiýasy wagtynda Owganystanyň azyk howpsuzlygyna gönükdirilen tagallalary, şeýle hem Owganystandaky parahatçylyk prosessine goldaw bermek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, taraplar häzirki wagtdaky beýleki ikitaraplaýyn meseleler barada pikir alyşdylar.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň soraglaryny ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bölümine ibermegiňizi haýyş edýäris: USEmbassy-Ashgabat-PAS@state.gov.