Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistan bilen ösüş ugrunda dürli ulgamlarda, şol sanda maglumat tehnologiýalary (IT) pudagynda hem işleşýär. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyń Halkara ösüş agentligi “TurkmenTEL 2015” Halkara sergisinde Amerikan hökümetiniň meýilnamalaryny we çärelerini hödürledi. 16-18-nji sentýabr aralygynda geçirilýän bu sergide Amerikanyń Birleşen Ştatlarynyň sergi nokady öz ünsüni maglumat tehnologiýalaryna degişli maksatnamalarda hem-de Türkmenistanyň ähliumumy ösüşini öňe sürýän tagallalarynda, ýagny oba-hojalyk, bilim, saglyk, söwda we suw serişdelerini dolandyrmak pudaklarynda jemledi. Amerikanyň Birleşen Ştatlary bu sergä telekommunikasiýa pudagyna degişli halkara korporasiýalar we ýerli kompaniýalar bilen bilelikde gatnaşýar.
Telekomunikasiýa we maglumat tehnologiýalar pudagyna degişli her ýyl geçirilýän 9-njy sergi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we Türkmenistanyň Söwda senagat edarasy tarapyndan gurnaldy.