2021-nji ýylyň 5-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan – Şu gün ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Mettýu Klimow we Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” maksatnamasynyň çäginde Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Türkmenistanyň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyna bagyşlanan sergini açdylar. Sergi Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde açyldy.
“Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” (AFCP) Kongresiň haýyşy boýunça Döwlet departamenti tarapyndan döredilen grant maksatnamasydyr. Bu maksatnamaň çäginde 2001-nji ýyldan bäri 130-dan gowrak ýurtda medeni mirasy gorap saklamak boýunça taslamalaryň 1000-den gowragyna goldaw berildi.
«Köpüňiziň bilşiňiz ýaly, “Medeni mirasy gorap saklamak üçin Ilçiniň gaznasy” maksatnamanyñ çäklerinde ýeňijiler, dünýä boýunça geçirilýän bäsleşik esasynda saýlanýarlar. Bu maksatnamanyň 2001-nji ýylda başlany bäri, Türkmenistanda bu maksatnamanyň üsti bilen 28 sany taslama maliýeleşdirilendigini buýsanç bilen nygtasym gelýär. Şol taslamalaryň sany boýunça Türkmenistan dünýäde birinji ýeri eýeleýär. Bu üstünlik Türkmenistanyň taryhy we medeni mirasynyň möhümligini aýdyň görkezýär. Şeýle-de, ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň türkmen medeniýetine goýýan uly hormatynyň nyşanydyr» diýip, Ilçi Klimow öz sözünde belledi.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýindäki sergi, taslamalaryň hersiniň uly göwrümli suratlaryny we hazirki wagtda alnyp barylýan işleriň suratlar ýygyndysyny öz içine alýar. Muzeýiň hemişelik kolleksiýasy dört taslamadan gelen obýektleri öz içine alýar. “AFCP” sergisi 14-nji maýa çenli dowam eder.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň soraglaryny ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň maglumat we medeniýet bölümine ibermegiňizi haýyş edýäris: USEmbassy-Ashgabat-PAS@state.gov