Aşgabat, Türkmenistan, 2020-nji ýylyň 8-nji oktýabry – “Şaýlan” hususy türkmen logistika kompaniýasynyň ulag we ammar ulgamyny sanly ulgama geçirmekde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Guramasy (USAID) ýardam berýär. “Şaýlan” kompaniýasy ammar desgalary, sowuklandyryş enjamlar we sowadyjy ulaglaryň awtoparky bilen üpjün edilen döwrebap kompaniýasydyr.
«Şaýlan» daşary söwda kompaniýalaryna netijeli logistika hyzmatlaryny hödürläp, Türkmenistanyň ulag üstaşyr mümkinçiliklerini kämilleşdirmäge çalyşýar. Kompaniýanyň ähli maglumat dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek bolsa kompaniýanyň logistika hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we işiň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm adimleriniň biri bolup durýar. USAID-iň «Bäsdeşlige ukyplylygy, söwda we iş orunlaryny döretmek» taslamasynyň innowasiýa boýunça gaznasynyň üsti bilen, taslama «Şaýlan» kompaniýasy bilen bilelikde kärhananyň ammarlaryna, ulaglaryna awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamyny ornaşdyrylmagyny maliýeleşdirdi. Taze girzilen ulgam kompaniýanyň netijeliligini ýokarlandyrar diýip umyt edýär, bu bolsa 2021-nji ýylyň ikinji ýarymynda ýyllyk girdejisini otuz göterimden gowrak ýokarlandyrmaga kömek eder.
«Şaýlan» kompaniýasynyň baş direktory Soýunhanowyň belleýşi ýaly: Biz USAID-iň «Bäsdeşlige ukyplylygy, söwda we iş orunlaryny döretmek» taslamasy bilen hyzmatdaşdygymyza buýsanýarys we bu ägirt uly sanly tehnologiýalar taslamasyny ýerine ýetirmegine girişýäris. Bu biziň maýa goýumlarymyzyň başlangyjydyr, geljekde müşderilerimize onlaýn elýeterliligi üpjün etmegi we hyzmatlaryň gerimini giňeltmegi meýilleşdirýäris, bu daşary ýurt söwda kompaniýalaryny özüne çekmäge kömek eder, bu bolsa öz gezeginde daşary ýurt kompaniýalaryna Türkmenistanyň geografiki ýerleşişinden peýdalanmaga mümkinçilikleri döreder”.
USAID-iň «Merkezi Aziýada bäsdeşlige ukyplylygy, söwda we iş orunlaryny döretmek» taslamasynyň innowasiýa gaznasy, girdeji gazanmagy we taze iş orunlaryny döretmegi isleýän, miwe we gök önümleri, ulag, logistika we syýahatçylyk bäsdeşlik esasynda saýlanan kärhanalaryň innowasiýa başlangyçlaryny maliýeleşdirýär.
###
USAID ösüş maksatlaryny öňe sürýän dünýäde öňdebaryjy halkara ösüş guramasy bolup durýar. USAID/Merkezi Aziýa barada has giňişleýin maglumat üçin web sahypamyza giriň: https://www.usaid.gov/central-asia-regional.