
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Allan Mastard we Aşgabat şäheriniň häkimi Myratniýaz Abilow şu gün Aşgabatda ABŞ-nyň ilçihanasynyň täze binasynyň düýbüni tutdylar. Ilçihananyň täze binasy ABŞ-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyna, we şeýle hem bu ýurduň berkararlygyna we garaşsyzlygyna berk sadyklygynyň nusgasy bolup durýar.
Bu ähmiýetli çäräniň açylyş dabarasynda, ilçi Mastard şeýle diýdi: “Biz diňe bir bina bilen çäklenmän, tutuş bir toplum gurýarys. Bu toplumyň çäginde maşgalalar orun tutarlar, we bu toplum biziň halkara mekdep, giň jemgyýetçilik, hem-de Türkmenistanyň halky bilen hyzmatdaşlygymyzy berkider.”
Bahasy ABŞ-nyň 266 million dollaryna barabar ilçihananyň taze toplumy Arçabil şaýolunda Aşgabat Halkara mekdebiniň golaýynda ýerleşip, ilçihananyň edarasydyr hojalyk bölümlerini we deňiz-pyýada esgerleriniň ýaşaýyş jaýlaryny öz içinde alar.
Häzirki wagtda toplumyň gurluşygynyň tamamlanmagy 2018-nji ýylyň iýul aýynda garaşylýar.
Has doly maglumat üçin, ilçihananyň Maglumat we medeniýet bölümine 47-35-03 (1) telefon belgisi arkaly ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň täze binasy barada goşmaça maglumat we faktlar (PDF 831 KB – Get Adobe Reader)