Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Türkmenistanyň ýokary bahaly miweleriniň önümçiligini ýokarlandyrmak üçin iň gowy tejribeleri bilen paýlaşýar

Aşgabat, Türkmenistan – 2019-njy ýylyň 24-nji iýulynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş boýunça guramasy (USAID) Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi (TSTB) bilen bilelikde miweli baglaryň eýeleri hem-de agronomlar üçin miweli baglaryň önümçiligi boýunça seminar geçirdiler.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş boýunça guramasy (USAID) Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş boýunça guramasy (USAID)

Seminaryň dowamynda, USAID-iň bagbançylyk boýunça maslahatçysy ülje, alma we üzüm ýaly eksport güýjiniň hem-de bahasynyň ýokary bolan miweleriň önümçiligini durnukly ýagdaýda ösdürmek boýunça wajyp usul we tilsimatlary bilen paýlaşdy. Miweli baglaryň eýelerini iň gowy bagbançylyk tejribeleri bilen enjamlaşdyryp, USAID we TSTB, Türkmen öndürijileriň we göz öňünde tutulýan täze bazarlaryň arasynda durnukly aragatnaşyk gurmagy maksat edinýärler.

Türkmenistan boýunça USAID-iň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän jenap Daniel VerSchneider seminaryň gatnaşyjylaryna ýüzlenip: “Bagbançylyk, Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin wajyp pudak we Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesi bilen bilelikde USAID, ýerli daýhanlar tarapyndan öndürilýän miwe me bakja önümleriň hilini we mukdaryny gowylandyrmak, eksport güýjini ýokarlandyrmak we oba ýerlerde täze iş orunlaryny döretmek üçin daýhanalara täze usul we tilsimatlary geçirmäge taýýardyr” belläp geçdi.

USAID  we TSTB seminary USAID-iň Bäsleşige ukyplylyk, Söwda we Täze iş orunlary döretmek (CTJ) taslamasy arkaly gurnady. USAID-iň CTJ taslamasy, bäş ýyllyk bolup, onuň maksady Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň eksport ukybyny kämilleşdirmek, miwe we bakja pudagynda täze iş orunlary döretmek hem-de ulag we logistika hyzmataryny güýçlendirmek bolup durýar.

Goşmaça maglumat üçin, USAID-iň CTJ taslmasynyň Aragatnaşyk direktory – Assel Çoýbekowa bilen +7 701 756 22 67 ýa-da Assel_Choibekova@dai.com arkaly habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris.