
Üç amerikan mugallymlary Aýra Spolding, Derek Bekwold we Eýweri Weýt 14-18-nji dekabrda hünär we medeni alyş-çalyş maksatnamasy esasynda Aşgabada sapar edýär. Mugallymlar Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň talyplary we mugallymlary we şol sanda klassyky saz, wokal, kompozisiýa we dirijýor bölümleri üçin ussatlyk sapaklaryny geçirerler. Mugallymlar ilçihananyň Maglumat serişdeler merkezinde jäm seşn we saz bilen tanyşdyrma sapagyny hem alyp bararlar. Bu maksatnama Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly-drama teatrynda milli konserwatoriýa bilen bilelikdäki konsert bilen jemlener.
Aýra Spolding hor dirijýory, aýdymçy we saz mugallymy bolup, 30 ýyldan gowrak dünýäniň 60 ýurdynda konsertler bilen çykyş edip, dürli sungat boýunça okuw maslahatlaryň we öwreniş sapaklaryň üsti bilen özüniň saza bolan söýgüsi bilen paýlaşyp gelýär. Derek Bekwold birnäçe saz gurallaryny çalýan kompozitor bolup, ol dünýäniň ähli künjeklerinde dürli saz çalyp çylyş etdi. Ol Boston, Kabul, Kolombo we Nýu Deli şäherlerinde saz mugallymy bolup işledi. Juliard mekdebiniň uçurumy bolan Eýweri Weýt wiolonçel çalýar. Ol ýygy-ýygydan çykyş edýän mugallym, kompozitor, dirijýor we sungat öwreniji hökmünde tanalýar.
Bu topar aşakdaky tertip boýunça köpçülik üçin açyk çykyşlary geçirer:
- Sişenbe, 2015-nji ýylyň 15-nji dekabry, 18:00 – Maglumat serişdeler merkezinde jäz jäm seşn
- Penşenbe, 2015-nji ýylyň 17-nji dekabry, 18:00 – Maglumat serişdeler merkezinde saz bilen tanyşdyrma sapagy
- Anna, 2015-nji ýylyň 18-nji dekabry, 19:00 – Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly-drama teatrynda Milli konserwatoriýa bilen bilelikdäki konsert
Ähli çykyşlara giriş tölegsiz we hemmeler üçin açyk.
Has doly maglumat üçin, ilçihananyň Maglumat we medeniýet bölümine (+99312) 473503 (1) telefon belgisi ýa-da irc-ashgabat@state.gov elektron salgysy boýunça arkaly ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.