Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň neşe serişdeleriň bikanun dolanşygyna garşy göreşini goldaýar

Ilçi Alan Mastard we birinji sekretar Jefri Juk “Howa menzilinde neşe serişdeleriň bikanun dolanşygynyň öňüni almak” atly okuw sapagyny alyp baryjylar bilen (Surat: ABŞ-nyň ilçihanasy)
Ilçi Alan Mastard we birinji sekretar Jefri Juk “Howa menzilinde neşe serişdeleriň bikanun dolanşygynyň öňüni almak” atly okuw sapagyny alyp baryjylar bilen (Surat: ABŞ-nyň ilçihanasy)

2015-nji ýylyň sentýabr aýynyň 21-den 25-i aralygynda, ABŞ-nyň Neşe serişdelerine garşy göreşmek müdürligi Aşgabatda Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýetini goraýyş döwlet gullugynyň, Döwlet serhet we Döwlet gümrük gulluklarynyň işgärleri üçin “Howa menzilinde neşe serişdeleriň bikanun dolanşygynyň öňüni almak” atly okuw sapagyny geçirdi. Okuwyň dowamynda ugryň we kurýeriň aýratynlyklary, nyşana almak we töwekgelçilikleri dolandyrmak, gizlemek usullary, özüňi alyp barmyşyň derňewi, maglumat beriji bilen işleşmek, halkara gözegçilik astynda bolan gowşyryşlar, el goşlary skanirlemek we hasabat ýazmak ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sentýabr aýynyň 25-ine okuwyň ýapylyş dabarasynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Alan Mastard Türkmenistanyň neşe serişdeleriň bikanun dolanşygyna we neşekeşlige garşy göreşini doly goldaýandygyny we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary goşmaça okuw maslahatlary we beýleki bilelikdäki işler arkaly mundan beýläk hem dowam edilmeginiň wajyplygyny nygtady.